Ï Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 690
Şu gün paýtagtymyzda Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda geçen Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy bolup geçdi. Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde belarus we türkmen artistleriniň jemleýji aýdym sazlaryndan düzülen bilelikdäki çykyşlary dostlugyň döredijilik baýramçylygyna öwrüldi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjynda geçirilen bu giň möçberli medeni çäre özüniň çuňňur taryhy kökleriniň we ýagşy däplerini özünde jemleýän doganlyk halklaryň dostluk aragatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine ymtylmasyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda geçen Medeniýet günleri döredijiligiň hakyky baýramçylygy bolmak bilen, dürli ýurtlaryň ruhy arabaglanyşygy özara baýlaşmagy üçin, aýratyn hem şol halklaryň medeni-taryhy umumylygynyň jähtinde aratapawudynyň we geografiki düşünjäň hiç-hili manysy ýokdugy baradaky hakykaty ýene bir gezek tassyk etdi.

Öň habar berilişi ýaly Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda geçen Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dürli çäreler Aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly ýurtlaryň medeni däpleriniň we häzirki zaman aýdym-saz sungatynyň köpdürliligi bilen tanyş etdi. “Swýata” halk sazlar ansamblynyň, “Çistyý golos” wakal toparynyň, estrada aýdymlarynyň ussat ýerine ýetirijilerden Belarus Respublikasynyň halk artistleri Ýadwig Poplawskiniň we Aleksandra Tihanowiçiň çykyşlary, Belarussiýanyň Döwlet muzeýindäki Beýik Watançylyk urşunyň taryhy baradaky materiallaryň we dostlukly ýurduň şu günlerinden gürrüň berýän fotosuratlaryň sergisi, şeýle-de görkezilen belarus kinofilmleri iki ýurduň ynsanperwerlik ulgamyndaky gatnaşyklary has giňeldip, Türkmenistanlylarda uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem bu döredijilik çäresi häzirki zaman Türkmenistany gowy bilmeklige, biziň ýurdumyzyň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrylýan öňe gidişlikler we täzeleýiş döwründäki medeniýetiniň hem sungatynyň ösüşleri bilen tanyşmaga myhmanlarymyza uly mümkinçilik döretdi. Belarusdan gelen wekiliýet paýtagtymyzda gezeleniçde boldular, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk geçirdiler hem-de biziň ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen tejribe alyşdylar. Şeýlelikde Belarus Respublikasynyň Türkmenistanda geçen Medeniýet günleri diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin medeni-aň-bilim çäreler toplumy bolman, eýsem köpmeýilli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösmegi bilen gyzyklanýan sungat işgärleriniň gyzykly aragatnaşyklary boldy.

Halkara medeniýet çäreleriniň dabaraly ýapylyşyna gatnaşanlar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Aleksandr Lukaşenka olar tarapyndan alnyp barylýan milli medeniýetiň ösmegine ýardam edýän iki ýurduň döredijilik wekilleriniň arasyndaky önümli arabaglanyşygy ýola goýmakdaky giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky geçen Medeniýet günleri türkmen topragynda iň bir ýyly kabul edilen gatnaşyjylaryň ýadynda uzak wagtlap galjakdygy bellenildi.

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky geçen Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar bu Ýüzlenmede Türkmenistanyň Baştutanyna myhmansöýüjiligi we medeni çäreleriň üstünlikli geçirilmegine ähli çäreleri döredenligi üçin, hoşallyk bildirdiler şeýle-de ynsanperwerlik ulgamynda önümli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdikleri barada aýytdylar.

Soňra bu baýramçylyk dabarasynda türkmen we belarus artistleri çykyş etdiler. Oňa iki ýurduň halk aýdymlary, sazlary we tanslary, häzirki zaman estrada çykyşlary hem-de folklor kompozisiýalar girdi.

Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde belarusyň “Moýa kuma” atly halk aýdymynyň ýaňlanmagy myhmanlar üçin örän özboluşly sowgat boldy. Iki ýurduň aýdym-saz toparlarynyň bilelikde türkmen we belprus halk mukamlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri, ussatlyk bilen özboluşly halk medeniýetiniň çuňluklaryna aralaşmaklary köp sanly tomaşaçylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Türkmen halkynyň halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň dürli halklary bilen döredijilik gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri açýan täze taryhy eýýama bagyşlanan “Ýollaryň aýdyň” atly aýdym döredijilik baýramçylygynyň jemini jemledi. Onuň owazy astynda gala konserte gatnaşyjylaryň hemmesi sahna çykdylar. Munuň özi dostluk hem-de döredijilik baýramçylygynyň tüýs ýürekden ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Belarus Respublikasmynyň Türkmenistandaky medeniýet günleri ýakyn dostlaryň netijeli gatnaşyklarynyň dowamy bolmak bilen, medeni gymmatlyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli alşylmagyna, iki döwletiň we halkyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berdi.