ABŞ-dan “Kompaniýa Şon Kurran” meşhur tans toparynyň biziň ýurdumyzda bolmagy gumanitar ulgamda depginli ösýän türkmen-amerikan gatnaşyklaryna nobatdaky goşant boldy.
Häzirki zaman amerikan tans topary ABŞ-nyň bilim we medeniýet meseleleri boýunça döwlet departamenti tarapyndan guralan sebitleýin medeni tapgyryň çäklerinde Bruklin saz akademiýasy tarapyndan utgaşdyrylýan “Dance Motion” maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistana geldi. Topar häzirki zaman tans sungatynyň ösüşini görkezmek we bu babatda tejribe alyşmak, şeýle hem iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyga ýardam etmek maksady bilen ABŞ-nyň medeni ilçisi hökmünde seçilip alyndy.
Saparyň maksatnamasy amerikan myhmanlaryna diňe bir öz ussatlyklaryny görkezmäge däl, eýsem, biziň ýurdumyzyň milli tans sungaty bilen tanyşmaga hem mümkinçilik berdi. Mysal üçin, şu hepdäniň dowamynda medeniýet ulgamynyň guramalarynyň wekilleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary we paýtagtymyzyň döredijilik tans toparlary bilen duşuşyklar, ussatlyk boýunça çykyşlar hem-de seminarlar geçirildi.
“Kompaniýa Şon Kurran” toparynyň ýurdumyzda bolmagy 12-nji aprelde agşam Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda beriljek konsert tamamlanar.
“Kompaniýa Şon Kurran” topary soňky on bäş ýylyň dowamynda ABŞ we dünýäniň beýleki ýurtlary boýunça üstünlikli saparda bolýan Amerikanyň meşhur tans toparlarynyň biridir. Topar tarapyndan döredilen özboluşly çykyş usuly nusgawy baletiň häzirki zaman tans ugurlary bilen utgaşmagyny özünde jemleýär. Topar şeýle hem etno-tanslaryň parçalaryny öz tans çykyşlaryna giňden goşýar. Mysal üçin, toparyň çeper ýolbaşçysy Şon Kurranyň sahnalaşdyrýan oýunlarynda däp bolan irland, baliý, indonez tanslarynyň hereketleri yzarlanylýar. Toparyň her bir tansy tomaşaça dürli hereketler açylýan kiçeňräk durmuş taryhydyr. Şonuň bilen birlikde, olar dürli saz we yşyk arkaly döredilýän ýörüte täsirlere baýdyr, bularyň hemmesi utgaşyklylykda ýerine ýetirijileriň ýokary ussatlygy bilen ajaýyp tomaşaly çykyşy döredýär.
Toparyň agzalary dünýäniň dürli halklarynyň tans sungatyny höwes bilen özleşdirýärler we ýakyn wagtlarda öz çykyşlarynda türkmen milli tanslarynyň parçalarynyň hem-de türkmen topragynda bolan mähirli duşuşyklarynda galan ýakymly täsirleriň peýda boljakdygyny ynam bilen aýdýarlar.