Ï Teatr festiwalynyň „Ogniwosy“
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teatr festiwalynyň „Ogniwosy“

view-icon 788
Golaýda paýtagtda başlanan halkara festiwalyna gatnaşýän Mytişiniň „Ogniwo“ gurjak teatrynyň artistleri „Ertir düýnden başlanýar“ atly üýtgeşik oýun bilen aşgabadyň tomaşaçylaryny begendirdiler. Russiýanyň halk artisti, režissýor-oýun goýujy Marta Sifronowiçiň bu hödürlän oýny Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda görkezildi.


Oýunda bolup geçýän wakalaryň hiç-hili sözsüz ýerine ýetirilmegi bi oýnuň üýtgeşikligidir. Bu oýun – beýik rus suratkeşleriniň çeken suratlary bilen sazyň utgaşmasydyr. Ol sahnada belli taryhy wakalary janlandyrylýar. Oýnuň şekillendirmeleriniň birnäçesiniň esasyny meşhur suratkeşler B.Kustodiýewiň „Täjir aýal“, K.Petrowa-Wodkinanyň „Gyzyl at“, K.Redkonyň „Gozgalaň“, K.Maleweçiň „Gara kwadrat“, F.Malýawiniň „Tüweleý“, E.Zeleninyň „Troisa“(üçler), P.Konçalowskiniň „Katenka“ we beýlekileriň eserleri düzdi. Bu ajaýyp sahna eseri ýetgijekler we uly ýaşlylar üçin niýetlenendir.

„Ogniwo“ teatry bu oýuny indi on ýyla golaý wagt bäri Russiýanyň, ýewropanyň we aziýanyň ýurtlarynda görkezip gelýär. Teatryň artistleri türkmen paýtagtyndaky çykyşlary tamamlanandan soňra öz çykyşlaryny Germaniýanyň şäherlerinde guramagy maksat edinýärler.

„Altyn nikap“ Milli teatr baýragynyň eýesi we diplomanty, „Gran-pri“ halkara festiwallarynyň 16-nyň eýesi bolan bu teatr şu ýyl özüniň 20 ýyllyk şanly toýuny belledi.