Ï Galofitler şor topraklary dikeltmäge kömek eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galofitler şor topraklary dikeltmäge kömek eder

view-icon 1811
Dürli ýerlerden minerallaşan suwlary bir ýere toplamak üçin niýetlenen Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde öňden şorlaşan uly çäkli ýerleri dikeltmäge we olaryň önümliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredi. Türkmen alymlarynyň geçiren gözleglerinden mälim bolşy ýaly, bu meseläni çözmekde duza durnukly ösümlikleri – galofitleri osdürip ýetişdirmek uly ähmiýete eýe bolar. Mundan hem başga, galofit ösümligi geljekde minerallaşan zeý suwlaryny netijeli, özi hem kän çykdajy etmezden, ulanmaga şert döreder.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň barlamhanasynyň geçiren ylmy-amaly gözlegleriniň deslapky netijeleri boýunça ýurdyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň-galofitleriň üçden iki böleginiň senagat taýdan ähmiýeti bolup biler. Alymlaryň bu ölçegleri boýunça eýýäm galofitleriň 25-si kanagatlanarly baha eýe boldy, özi hem Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinde şeýle ösümlikleriň ýüzlerçesi gabat gelýär. Olaryň görnüşleri we ekologiki nusgalary iým, iýmitlik, ýag berýän, dermanlyk häsiýetleri boýunça bäý genetiki serişdeli ösümlikler bolup, olar şorlaşan topraklary, kenar ýaka çägeligi, hiç hili ösümlik ösmeýän gurak takyr ýerleri özleşdirmäge şert döredýär.

Şunlukda Türkmenistan ýerleriň biotiki suwaryş meselelerini öwrenmekde agrolandşaftlary saýlap almak, biologiki taýdan önümliligini ýokarlandyrmak we iýmleriň, energo serişdelerini we ösümlik önümlerini artdyrmak maksady bilen, bu ugurda ylmy gözlegleri alyp barýan dünýä ýurtlarynyň ýigrimiden gowragynyň hataryna işeňňir goşulyşdy.

Galofit ösümlikleri topragyň duzlulyk derejesine täsir etmekleri, galotolerantlylygy ýa-da duza durnuklylygy boýunça tapawutlanýar. Özi hem gara sazak, kaspiý solýanokolosnigi, Şoberiň selitrýankasy ýaly gipergalofitler aşa şorlaşan topraklarda, ýokary minerallaşan toprak garyndylar şertlerinde ösmäge, şunlukda kaspiý potaşnigi ösümlik dünýäsini emele getirmäge ukyplydyrlar. Ýokary derejeli şorly topragyň şular ýaly ösümlikleriň ösmegine we biomassalaryň köpelmegine oňaýly täsirini ýetitmegi geň hadysadyr. Aram galofitler toprak garyndylarynyň minerallaşmagyna uly çäkli tolerantlygy bilen tapawutlanýar. Olar az ýaprakly galotmanus, Rihteriň solýankasy, kemrud ýowşany we beýleki ösümliklerdir.

Paleskiniň solýankasyndan we agaç görnüşlerinden, çal tereskenden, ýere ýazylyp ösýän kohiýden, sogan düýpli mýatlikadan ybarat bolan galofitleriň üçünji toparynyň wekillerinde gowşak şorly topraga uýgunlaşmak ýagdaýy emele gelipdir.

Şorlaşan topraklary özleşdirmekde tebigy gurşawy ekologiki taýdan özgertmekde we ýeriň ähmiýetini ýokarlandyrmakda galofitleriň uly ähmiýete eýedigini köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar görkezdi. Şora durnukly ýabany ösýän miwe-iýmiş ösümlikleri uly gyzyklanma döredýär. Meselem, miwesi askorbin kislotasyna baý bolan Şoberiň selitrýankasy hojalyk manysynda hem gymmatly ösümlikdir. Bu ösümligi çägeli çölüň ýagdaýyny gowulandyrmak we öri meýdanlaryny çäge süýşmeginden goraýan gowy hilli çäge berkidiji, halk hojalyk desgalaryny çäge süýşmeginden goraýan, şeýle hem otlaryň we ýarym gyrymsy agaçlaryň boý almagynyň we ösmeginiň şertlerini gowulandyrýan ösümlik hökmünde ulanyp bolar.

Uly ýaşly galofitler köp baldakly kök ulgamynyň çuň we gowy ösmegini durnuklaşdyrmak bilen, topraga uzak ýyllaryň dowamynda täsirini ýetirýär. Olaryň köpüsi uzaga çekýän gurakçylyga garşy durmaga şert döredýän fiziologiki we morfologiki häsiýete eýedir. Otjumak galofitler gyrymsy agaçlaryň arasyndaky giňişligi peýdalanmak bilen, çalt ösmäge ukyplydyr hem-de güýz-gyş aýlarynda üstüni ýetiriji hökmünde öri meýdanlarynyň ekoulgamyny uzak wagtlap döretmekde uly ähmiýete eýedir.

Batgalyk, ekin ekmäge ýaramsyz ýerlerde şora durnukly galofitleri ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem olardan suwarymly meýdanlarda gorag nahallaryny oturtmak zeý suwlarynyň azalmagyna şert döredýär. Agaç nahallary suwy özüne sorup we onyň epesli bölegini ulanmak bilen, biologiki zeýkeşiň wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem galofitleriň ösdürilip ýetişdirilmegi ýokumlylygy ýokary we düzümi baý bolan iýmitleri öndürmeklige şert döredýär. Bu bolsa daşky gurşawy bir wagta gowlandyrmak bilen, olary oba hojalyk dolanşygyna çekmäge şert döredýär.