Ï Dört bolup dört medal gazanyldy!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dört bolup dört medal gazanyldy!

view-icon 1207
Ýaş türkmen ekologlary Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde mekdep okuwçylarynyň „UNEPO-Ýewraziýa“ Halkara taslama olimpiadasynda kümüş we bürünç medallaryň dördüsini almagy başardylar.

Umumylykda bu halkara ekologiýa intellektual hereketiniň adyna dünýäniň kyrkdan gowrak ýurtlaryndan tebigaty goramaga çalyşýan dört ýüze golaý ýaşlaryndan 160-dan gowrak taslama gelip gowuşdy. Bu ekologiýa meselesine bagyşlanyp geçirilýän maslahata gatnaşyjylaryň arasynda Türkiýe, Gruziýa, Indoneziýa, Litwa, Malaýziýa, Beýik Britaniýa, Russiýa, Polşa, Rumyniýa we beýleki ýurtlar bar.

Bu olimpiadada biziň ýurdymyza ylmy işleri emin agzalary tarapyndan ýokary baha eýe bolan Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň dördüsi wekilçilik edýärler. Kerim Garlyýewiň we Azat Hojamyradowyň mebel önümçiligi üçin ekologiki taýdan arassa önümlerini döretmek ulgamynda bilelikde işläp taýýarlan işleri kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýerde pagta önümçiliginiň galyndylaryny ýörite işläp taýýarlamak arkaly taýýarlanan innowasion DSP barada gürrüň gidýär.

Aşyr Aşyrowyň we Alparslan Abdyljepbaryň dokma senagaty üçin çig mal hökmünde ösümliklerden tebigy boýaglary taýýarlamak boýunça beren ylmy teklipleri bürünç medala mynasyp boldy.