Ï Halkara olimpiadasynda gazanylan üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara olimpiadasynda gazanylan üstünlik

view-icon 1074
Türkmen talyplary 16-20-nji aprel aralygynda Belarus Respublikasynyň Gomel şäherinde nazaryýet mehanikasy boýunça talyplaryň VIII Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.

Belarus döwlet ulag uniwersiteti tarapyndan guralan olimpiada Belarusdan, Russiýadan, Polşadan, Yrakdan, Ukrainadan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan talyp toparlarynyň 45-si gatnaşdy.

Ýaşlaryň ylmy we döredijilik taýdan ösmegine gönükdirilen abraýly intellektual bäsleşiginde biziň ýurdumyza wekilçilik etmek Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary M.Annaýewe, P.Seýidowa, D.Saparowa we A.Garlyýewe ynanyldy.

Türkmen talyplary olimpiadada çuňňur bilimlerini, döredijilik ukyplaryny we ýeňşe bolan erk-islegini görkezip, bäsleşigiň jemi boýunça nazaryýet ýaryşynda hormatly ikinji orny, şeýle hem “Breýn-ring” ýaryşynda baýrakly orny eýelediler.

Bu üstünlik Türkmenistanda häzirki döwürde amala aşyrylýan we milli bilim ulgamyny we ylmy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge hem-de türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn ösmegine gönükdirilen düýpli özgertmeleriň nobatdaky aýdyň netijesidir.