Türkmen milli konserwatoriýasy dalaşgärleriň arasynda döredijilik bäsleşigini geçirdi. Aşgabada konserwatoriýa degişli bolan ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ýörite sazçylyk we sungat mekdeplerinden saýlama tapgyrlarda ýeňişe mynasyp bolan oglanlaryň we gyzlaryň 77-si bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşdylar.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň hünär taýýarlygynyň esasy ugurlary boýunça eminleriň birnäçe topary bäsleşige gatnaşýanlaryň başarnyklaryna baha berdiler. Emin agzalaryň düzüminde mugallymlar bilen bir hatarda belli kompozitorlar, Türkmenistanyň halk artistleri Baýram Hudaýnazarow, Ýolaman Nurymow, Gurt Nazarow we döredijilik äleminiň belli wekilleri bar.
Bäsleşikde baýrakly orunlara otuzdan gowrak zehinli ýaşlar mynasyp bolup, olar indiki tapgyrda, ýagny ýokary okuw mekdebine giriş synaglary döwründe ýokary sazçylyk mekdebiniň talyby bolmak üçin bäsleşerler. Bäsleşigiň jemleri boýunça uly konsert gurnaldy. Konsertiň meýilnamasyna ýigrimi sany iň oňat çykyş goşuldy.