Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli „At türkmeniň ganaty“ atly sergi gurnalýar.Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Mätäjiniň „Behişdi bedewler“ diýip atlandyrýan ahalteke bedewleriniň şekilleri tomaşaçylara Hormatly Prezidentimiziň „Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz“ atly kitaby, bedew atlarynyň şekilleri çitilen haly we haly önümleri, ussat nakgaşlaryň eserleri, dürli keramika önümleri we heýkelleri görnüşinde hödürlendi.
Saragt Babaýewiň „Ganatlar“, „Galkynyş“, „Behişdi bedew“, „Arkadag“ atly naşyja nepis heýkelleri tomaşaçylary özüne çekýär. Sergide bulardan başga, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen naşyja bedew heýkellleriniň hem ençemesi bar. Serginiň tomaşaçylaryny Akhan atly ak bedewiň we şeýle hem ady belli we owadanlygy bilen haýran edýän başga bedewleriň suratlary hem gyzyklandyrar. I.Işangulyýewiň „Meleje“ , W. Gyllyýewanyň we W. Bagdasarýanyň „Argaly“ atly çekilen suraty ahalteke atynyň ajaýyplygyny we gözelligini ussatlyk bilen görkezýär.
Bu ýerde gowaçadan, ýüňden , tohumdan we däneden ökdelik bilen ýerine ýetirilen işleri hem görmek bolar. Belli seýisleri we türgenleri baýrakly orunlara mynasyp bolan öz ahalteke bedewleri bilen düşen fotosuratlaryndan Türkmenistanda ahalteke atçylygyň ösüş taryhyny yzarlap bolar.
Sergide nepislik bilen kümüşden ýasalan we gyzyl çaýylyp hakyk daşlary bilen bezelen at esbaplary hem tomaşaçylara hödürlenen. Olaryň iň gadymy görnüşleri XIX asyryň başyna degişli diýip hasaplanylýar.