Ï Sungata berlen ömür
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungata berlen ömür

view-icon 1031
Baharly etrabynyň Bamy obasynda Magtymguly adyndaky döwlet baýragyň eýesi, teatryň we kinonyň meşhur artisti Sabyr Ataýewanyň 95-ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp döredijilik agşamy geçirildi.

Sabyr Ataýewa kino sungatyna ilkinji ädimini 1957-nji ýylda „Aýratyn tabşyryk“ kinosyndan başlady. Ondan soň „Şasenem we Garyp“ kinosynda surata düşdi. Onuň düşen ilkinji kinolary türkmen kinosungatynda meşhur boljak aktrisanyň peýda bolanlygyny äşgär etdi.


„Ýok diýmegi başar“, „Köýten nalasy“, „Gämiçiniň jany bir“ , „Ak tümlük“ „Bagtyndan jyda düşen Pyragy“- Sabyr Ataýewanyň düşen filmleriniň ujypsyz sany. Özüniň 50 ýyl döredijilik ýolunda Sabyr Ataýewa teartda we kinoda 200-den gowrak keşpleri döretdi. 1985-nji ýylda aktrisa Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp boldy.

Sabyr Ataýewa tomaşaçylar bilen duşuşyp, spektakllardan monologlary ýerine ýetirip berýärdi, öz durmuşy, kinolarda oýnan keşpleri barada gyzykly gürrüň berende bolsa ol tomaşaçylary sungata we medeniýete çekýardi. „Men tomaşaçy bilen aragatnaşygy duýmaly, eger-de men ony duýmasam – men özümi artist hökmünde duýmaryn. “ diýip Sabyr Ataýewa ençeme gezek gaýtalap aýdýardy. Sabyr Ataýewanyň adyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden hat ýazylýardy we olarda onuň döreden ajaýyp keşpleri üçin öz sagbolsun we minnetdarlyk sözlerini aýtmak bilen, adamlar öz durmuşy barada gürrüň berýärdiler we myhmançylyga çagyrýardylar.

Sabyr Ataýewanyň ýubileýine onuň dogduk mekanyna çagalary , agtyklary, garyndaşlary bilen bilelikde medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar. Baş drama teatryň artistleri Bamy obasynyň 6-njy orta mekdebine artistiň portretini sowgat berdiler.Bu sowgat Türkmenistanyň Halk artisti Sabyr Ataýewanyň dogduk mekanynda açylan muzeýiniň ilkinji eksponaty bolar.