Ï Bagta ýetiren yhlas
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bagta ýetiren yhlas

view-icon 903
Edil atylan gülle ýaly birden eşidilen gamçynyň sesi depregiň güpürdisini kesdi, sirkiň sahnasyna bolsa şemal çaldy. Öz endamlaryny çyralaryň ýagty şöhlelerine ýalpyldadyp, dürli reňdäki ahalteke atlarynyň üçüsi sirkiň sahnasynda öňürdikläp, çapyp ugradylar. Bedewleriň okgunly çapmaklary zerarly sahna sandyraýardy, gamçynyň täze sesinden soň bedewler öz duran ýerlerini üýtgedýärler. Bedewler gorgun görnüşdäki çapuwa geçýärler, eýeriň üstüne ak telpekli jigitler çykýarlar...

Ine, Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky „Galkynyş“ milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy şeýle başlanýar. Bu topar 2007-nji ýylda döredilýär. Şol wagta çenli Pygy Moskwanyň sirkinde işlemek bilen, ýeterlik tejribe toplady, türkmen jigitleriniň meşhur topary bilen dünýäniň köp ýurtlarynda çykyş etdi.


Pygy Bäherdenden (häzirki Baharly) uzak bolmadyk obalaryň birinde eneden boldy we şol ýerde ulaldy.Lukmançylyk ýörite orta okuw mekdebiniň geljekki okuwçysy sportuň gimnastika we başa-baş söweş görnüşleri bilen yhlasly meşgullanýar. Geljekki lukman we türgen hökmünde ol her gününi sirkiň gabadyndaky seýilgähde ylgamakdan we beden maşklaryny ýerine ýetirmekden başlaýar.

Adatda bolşy ýaly, güýz günleriniň biriniň ir säherinde Pygy köne seýilgähiň ýaprak düşelen ýodasyndan ylgap barýardy. Oňa ýene-de bir türgen goşuldy, Pygy bolsa oňa üns hem bermedi. Nätanyş adam birden oň bilen gürrüňdeş bolup başlady. Nätanyş bolsa, Annaýewleriň meşhur jigitler toparynyň türgenleriniň biri bolup çykdy. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrlarynda bu dogumly çapyksuwarlar sirkiň rowaýatyna öwürlipdiler. Indi olar düzüminde türkmen milletinden bolan täze jigitler toparyny döretdiler. Bu ýeňil hem düşmedi. Doganlar-jigitler bütin ömürlerini ahalteke bedewlerine bagyş edip, diňe öz bedewini çyn ýürekden söýýän, esger gylyklaryna eýe bolan türkmeniň sirk sungatyny ýokary derejelere ýetirip biljekdiklerine, her hili çylşyrymly tilsimleri ýürekleri bilen ýerine ýetijekdiklerine, öz başarnykly çykyşlary bilen tomaşaçylaryň güýçli el çarpyşmalara mynasyp bolup biljekdiklerine göz ýetirdiler. Pyga toparda çykyş etemekligi hem nätanyş teklip etdi. Ol uzak pikir etmän, onuň teklibi bilen razylaşdy. Öňde kyn başlangyçlar garaşýardy. Öňden atlar bilen nätanyş ýigide buýsançly jandary eýerlemek ýeňil düşmedi. Pygy gorkyny we ynamsyzlygy üstünlikli ýeňip geçip, bu täze kärine gitdigiçe öwrenişdi. Yzygiderli geçirilýän türgenleşikler ony barha güýçlendirýärdi. Ol ýadawlygy hem-de käbir ýetýän şikesleri hem duýmaýan ýalydy. Pygy türgenleşiklerde wagtyny näçe köp geçirse, şonça hem onuň ahaltake bedewlerine bolan söýgüsi atrdy.


Ukrainanyň Zaporožýe şäherinde ilkinji eden çykyşy ýaş jigit üçin hakyky synag boldy. Hemişe bolşy ýaly, bu ýerde edilen çykyşlar şowuna boldy. Pygy bu ýerde öz üstünlikli çykyşynyň we ussatlygynyň ykrar edilýändigini duýdy. Mundan beýläk bolsa, açyk reňkli çadyrlarda köp reňkli kaleýdoskaoplar pyrlandy, dürli ýurtlarda çykyşlar gurnaldy, hemme ýerde bolsa netijeler bir meňzeş boldy – üstünlikli çykyşlary aňladýan üýtgewsiz bildirişler peýda boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen medeniýet wekilýetiniň düzüminde Ukraina bolan ilkinji jogapkärçilikli sapary hem mümkin, „Galkynyş“ toparynyň ykbalynda oňat duýgular bilen ýatdan çykmajak pursatlar bolar. Bu toparyň Ukrainanyň sirkinde uly üstünlik bilen eden çykyşy hem türkmen jigitleriniň ahalteke bedewlerinde dünýä ýurtlarynyň sirklerinde etjek çykyşlarynyň başlangyjy bolar. Munuň üçin bu meşhur toparda ähli mümkinçilikler bar: döwlet baştutanynyň düýpli goldawy, jigitçilik sungatynda iň gowularynyň biri bolmaga uly höwes, hat-da bagta ýetirýän at naly hem bar.

Häzirlikçe bolsa, birnäçe ýyldan soň, Pygy Baýramdurdyýew türkmen atşynaslarynyň şöhratly däp-dessurlaryny dowam etdirýär. Onuň döreden „Galkynyş“ topary tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolmagy başardy.


„Galkynyş“ toparynyň düzüminde çykyş edýänler örän ýaşdyrlar, onuň iň kiçi ýaşlysy 10 ýaşly jigitdir. Öz hünärleri boýunça olaryň gelip çykyşlary dürli-dürlidir – orta okuw mekdeplerinde okaýan mekdep okuwçylaryndan başlap, dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bardyr, ýöne olaryň ählisini ahalteke bedewlerine bolan söýgi birleşdirýär. Elbetde, olaryň hatarynda çykyş edýän gyzlar toparynyň çykyşlary olaryň çykyşlaryna aýratyn bezeg berýär. Gyzlar hem bedewleriň eýerlerinde ykjam oturyp, ähli tilsimleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmek bilen, oglanlardan pes çykyş etmeýärler. Öz halypalary ýaly, olar hem haçan-da bolsa bir wagtlar sirk sungatyna gimnastikadan geldiler, fiziki taýdan oňat hilli taýýarlyk, çeýelik hem-de gözellik sport sungatynyň täze görnüşini özleşdirmäge özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Bu ugur boýunça ýörite lybaslary geýen ýaşajyk atşynaslaryň aýtmaklaryna görä, bu işde atlar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamak, olar bilen öwrenişmek esasy zat bolup durýar. Gyzlaryň her biriniň idedýän, eýelik gözi bilen garaýan, suwa ýakýan, arassalaýan, suwa düşürýän, dürli-dümenleri iýdirýän, söhbetdeş bolýan, oňat görýän aty bar. Bedewler hem öz gezeginde jogap hökmünde atşynas gyzlara wepadarlyklaryny bildirýärler.

Gyrat ahalteke bedewi athanada aýratyn hormata eýe bolýar. Pygy Gyrata aýratyn mähir bilen garaýar. Olaryň öz aralarynda söhbetdeş bolanlaryny synlanyňda, olaryň biri-birine doly düşünişýändiklerine göz ýetirýärsiň. Özüniň boş wagtynyň ýokdygyna garamazadan, söýgüli bedewini Pygynyň hut özi idedýär. Sirkiň sahnasynda onuň bilen çykyş etmek bilen, Pygynyň diňe özi oňa çapyksuwarlyk edýär.


Toparyň agzalarynyň hiç biri hem täze tilsimleri özleşdirmek bilen, öz bedewlerini kemsitmeýärler. Sebäbi, at we çapyksuwar – bu bir bitewiligi emele getirýär, olar biri-biriniň dowamaty bolup durýar diýip, Pygy olara öwredýär. Olar biri-birini duýýarlar hem-de biri-birine ynanýarlar, birnäçe gün görüşmeseler biri-birini küýseýärler. Şonuň üçin hem sahnada çapyksuwar öz bedewi bilen şöhrat gazanýar. At hem öz gezeginde oýun görkezmek üçin özüne bildirilen uly ynama düşünmek bilen, çylşyrymly tilsimleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin özünden edilýän talaplary ýerine ýetirmäge çalyşýar.

Pygy Baýramdurdyýew örän talap ediji hem-de berk halypa, işe gezek gelende hiç kime egilşik etmeýär. Her günki, köp sagatlaryň dowamynda geçirilýän türgenleşiklerde zerur bolan hereketleri ýüz gezek gaýtalamaly bolsa hem gaýtaladýar, her bir tilsimiň kämil ýerine ýetirilmegine çenli türgenleşdirýär. Türgenleşikler mahalynda çapyksuwaryň ýadaýan wagty hem, atyň ýadaýan wagty hem bolýar, olaryň ünsi sowlup, tilsimleri ýarpy-ýalty ýerine ýetirjek bolýarlar. Şonda ýadan jübütlere halypa jigidiň ädigine gamçynyň ujy bilen degrip, iş barada ýatladýar. Bu ýagdaý çapyksuwara güýjüni jemläp, týrgenleşigini doly suratda dowam etdirmegi üçin ýeterlik bolýar. Öz çapyksuwarynyň ugruna giden ata bolsa, ýere urulan gamçynyň şuwwuldysyny eşideni ýeterlik bolýar, şondan soň hemme zat ýerbe-ýer bolýar.

Toparyň üstünlikli çykyş edýändigine garamazdan, talapkär halypa öz şägirtlerinden hemişe hoşal bolmaýar hem-de her bir çykyşyň ussatlyk derejesine ýetirilmegi üçin, „Galkynyş“ adyna mynasyp bolar ýaly olaryň doly güýjünde işlemeklerini talap etmegini dowam etdirýär.

Pygy Baýramdurdyýew häzirki wagtda çylşyrymly tilsimlerden ybarat bolan täze meýilnamanyň üstünde işleýär. Türkmen bedewiniň baýramçylygynda sirkde örän täsirli şowhunly çykyşy guramak göz öňünde tutulýar. Bu şowhunly çykyşy görmäge gelenleriň ählisinde türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan ahlteke bedewleriniň owadanlygyndan we ajaýyplygyndan, okgunlylygyndan we çalasynlygyndan, akyllylygyndan we saza bolan üşükliliginden lezzet almaga mümkinçilik döreder.