Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdyň Halk artisti Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 92 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar we myhmanlar türkmen opera sungatynyň görnükli wekilini bu şanly sene mynasybetli gutlamak bilen, oňa ajaýyp gül çemenlerini gowşurdylar.
Konserwatoriýanyň uly konsert zalynda guralan baýramçylyk konserti bu dabaranyň baş gahrymany üçin hakyky saz sowgady boldy. Sahnada Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary – Türkmenistanyň Halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygyndaky Talyplar simfoniki orkestrine gatnaşyjylar çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň meşhur ussatlary – Türkmenistanyň Sungatda at gazanan işgäri Gurban Babaýew we Resul Gylyjow dagy hem öz dirižýorçylyk ussatlyklaryny bu ýere ýygnanlara görkezdiler. Meşhur aýdymçyny orkestr bilen bilelikde çykyş eden Türkmen milli konserwatoriýasynyň Talyplar hory we bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda belli aýdymçylar bolan M.Pirmedowa, G.Şamyradowa, B.Moşşyýew, M.Gullaýew we beýlekiler mähirli gutladylar.
Meşhur aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanyp geçirilen bu dabaraly konsertde türkmen we daşary ýurtlaryň halklarynyň ajaýyp nusgawy eserleri ýaňlandy. Bu ajaýyp agşamada meşhur kompozitorlaryň – D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň „Şasenem we Garyp“ operasyndan Abadanyň ariýasy, U.Gajybekowyň „Görogly“, W.Muhatowyň we A.Şapoşnikowyň „Kemine we Kazy“, D.Öwezowyň „Aýna“ operalaryndan uwertýuralar we beýleki köp sanly eserler ýerine ýetirildi.
Aýdymçy Röwşen Baýramowyň J.Werdiniň „Rigoletto“operasyndan „Gersogyň balladasyny“ ýerine ýeirendäki jadylaýjy ýokary sesi diňleýjileriň ýüregini awlady. Saz dünýäsiniň ajaýyp öwüşginleri bilen dolan bu ruhuňy göteriji konsert orkestr sazandarlarynyň D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň „Leýli we Mežnun“operasyna ýazan, kalbyňa ornaşýan we tolgundyryjy uwertýurasy bilen tamamlandy.