Ï Türkmen-türk medeni gatnaşyklary ösdürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk medeni gatnaşyklary ösdürilýär

view-icon 843
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet merkezinde soňky ýyllarda depginli ösýän iki halkyň dost-doganlyk gatnaşyklaryna, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryna goşant boljak “Türkiýe türkmen suratkeşleriniň gözi bilen” atly suratlaryň sergisi açyldy.

Türkmen suratkeşleri K.Gurbanowyň, O.Mämmedowanyň, H.Çüriýewiň we A.Aşyrgeldiýewiň şu gün görkezilen 50-ä golaý suratlarynda ajaýyp taryhy ýerler, orta asyryň binalaryna baý bolan türk şäheri Sakarýanyň ajaýyp künjekleri, Osman imperiýasynyň we wizantiýa döwrüniň ýadygärlikleri öz beýanyny tapdy.

Mundan başga-da, sergide türk suratkeşleriniň işleri hem görkezilýär, munuň özi suratkeşligiň iki milli mekdebiniň özboluşly gatnaşyklaryny görkezýär. Olarda çeperçilik däpleriniň umumylygy we tapawutly, çuňňur özboluşly alamatlar hem bar.

Serginiň açylyşyna diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, türkmen paýtagtynyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary, geljekki suratkeşler we sungaty öwrenijiler bolan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mutewellioglu we serginiň açylyşy dabarasyna ýörite gelen

Sakarýa şäheriniň meri Mustafa Buýuk öz çykyşlarynda däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, iki doganlyk halkyň medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam edýän şular ýaly döredijilik gatnaşyklarynyň möhüm ornuny nygtadylar.

Sergini guraýjylaryň habar berşi ýaly, türkmen suratkeşleriniň eserlerini şunuň ýaly tanyşdyrmak çäresi Sakarýa şäherinde hem bolar, soňra şol eserler türkmen we türk halklarynyň medeni-taryhy umumylygynyň, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ruhy gatnaşyklaryň köpasyrlyk däpleriniň ösdürilýändiginiň ajaýyp nyşany hökmünde ýerli muzeýlere hem-de galereýalara sowgat berler.