Ï Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 752
Şu gün türkmen paýtagtynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolan bilelikdäki gala-konsert döredijilik baýramçylygynyň aýdym-sazly jemlemesi boldy. Biziň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylyk dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bu günki jemleýji konserte hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň nobatdaky duşuşygynda umumy taryhy, medeniýeti we ruhy gymmatlyklary bolan iki doganlyk halkyň netijeli hyzmatdaşlyga bolan meýillerini görkezýän şeýle iri möçberli medeni çäräniň geçirilmegine badalga berildi. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyny we köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirýär.

Ozal habar berlişi ýaly, Tatarystanyň medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgamlarynyň, şol sanda belli döredijilik toparlarynyň 200-e golaý wekili, döredijilik toparlarynyň, medeni we ylmy merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, žurnalistler Aşgabada geldi. Bu bolsa göni aragatnaşygyň ýola goýulmagyny, tejribe alyşmalary we özara döredijilik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam berdi. Medeniýet günleriniň çäklerinde ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde, Bilim ministrliginde, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda geçirilen duşuşyklar ylym-bilim we medeni ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň ösüşini şertlendirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerinde geçirilen dürli çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň ajaýyp sungaty, özboluşly däp-dessurlary we Tatarystanyň medeniýet ulgamynda häzirki gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Şu gün paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Tatarystanyň “Müňýyllyk Kazan” atly sergisiniň ekspozisiýalarynyň açylyşy boldy. Onda amaly-haşam döredijiliginiň işleri, sowgatlyk önümleri we köp sanly fotosuratlar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasynda Tatarystan Respublikasynyň Aýdym we tans döwlet ansamblynyň wokal topary bilen paýtagtymyzdaky ikinji sungat mekdebiniň “Galkynyş” skripkaçylar toparynyň bilelikdäki konserti boldy.

Şeýle hem sergide häzirki zaman sungat ussatlarynyň XIX-XX asyrlaryň senetkärlerine degişli täzeden dikeldilen önümleri görkezildi. Olaryň hatarynda milli lybaslaryň bezegleriniň görnüşleri, zergärleriň nepis önümleri, küýzegärleriň we deri eýleýjileriň ýerine ýetiren önümleri bar. Tatarlaryň dürli döwürlerdäki milli lybaslarynyň suratlary hem serginiň görnükli ýerinde goýlupdyr.

Mälim bolşy ýaly, köp asyrlaryň dowamynda Kazan tatarlary zergärçilik sungaty we zer sapaklarynyň önümçiligi, deri bezegi, dürli nagyşy çekmek, dokmaçylyk we hatdatlyk sungaty bilen meşgullanypdyrlar. Gadymy ussatlaryň ellerinden çykan senetleriň ýasalyş usullary häzirki döwürde täze ösüşe eýe boldy. Sergä gatnaşyjylaryň köp sanlysy diňe bir bu ýerde görkezilýän gymmatlyklara syn etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol önümleriň awtorlary bilen gürrüňdeş boldular. Olar öz önümleriniň ýasalyş usullary barada jikme-jik gürrüň berdiler. Şeýle hem bu ýerde keramika önümlerini bezemegiň we küýzegärçilik ussahanasynyň pursatlary görkezilýär.

Tatarystanyň taryhyna we häzirki döwrüne bagyşlanan fotosergi has-da özüne çekijidir. Olarda Tatarystanyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleri ajaýyp şöhlelendirilýär. Türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösüşine ýörite bölüm bagyşlanypdyr. Bu ýerde görkezilýän suratlarda häzirki zamananyň depginli badyny duýmak bolýar. Olar iki halkyň hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýle hem fotoserginiň bir bölümi Tatarystanyň paýtagty –Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän gadymy şäher bolan Kazana bagyşlanypdyr. Suratlarda Kazan we onuň Kremli, metjitler we buthanalar, muzeýler we kitaphanalar aýdyň görünýär. Mälim bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagty bütindünýä mirasyna degişli şäherleriň sanawyna girýär we ol UNESKO-nyň diplomy hem-de medaly bilen sylaglandy. 2009-njy ýylda Kazan “Russiýanyň üçünji paýtagty” diýen resmi hukuga eýe boldy.

Dürli ýaşdaky we kärdäki adamlaryň keşbini janlandyrýan fotoportretleriň hatary has-da täsirli bolupdyr. Suratlaryň awtoryna özüniň saýlap alan gahrymanynyň häsiýetini, duýgularyny we isleg-arzuwyny aýdyň açyp görkezmek başardypdyr.

Serginiň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň sungat wekilleriniň arasynda netijeli döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, uzak ýyllaryň dowamynda biziň halklarymyzy baglaşdyrýan däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer.

Şeýle hem şu gün “Watan” kinokonsert zalynda tatar kinosynyň günleriniň açylyşy we tatar kinosungatynyň wekilleri bilen duşuşyk boldy. Şonda “Innowasiýa” studiýasynyň “Asylky Tatarystan” atly dokumental filmi tomaşaçylara görkezildi. Onuň awtory we režissýory Salawat Ýuzeýew öz filmini tatar döwletiniň gadymy döwürlerden—gunn döwletinden, Türk kaganatyndan, Beýik Bolgariýadan, Altyn Ordodan, Kazan hanlygyndan häzirki zaman Tatarsytan Respublikasynyň dörän günlerine çenli bolan döwre bagyşlapdyr.

Soňra režissýor I.Ýagafarowyň XXI asyrda doly metražly tatar dilinde ilkinji surata düşürilen “Kuktau” “Gök dagy” atly çeper filmi görkezildi.

Mundan başga-da, tatar kinolary “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde hem görkezildi. Onda tomaşaçylar Tatarystanyň häzirki döwrüne bagyşlanan dokumental filme, şeýle hem “Berketlär” (“Bürgütler”) filmine tomaşa etdiler. Ony 2009-njy ýylda režissýor Ramil Tuhwatullin surata düşüripdir. Filmde üç gojanyň dostlugy hakynda gürrüň berilýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Milli kitaphanasynda “Kitap medeniýet giňişliginde” atly kitap sergisi we belli tatar ýazyjylary bilen duşuşyk guraldy. Onda Tatarsytanyň häzirki zaman şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň bezegli neşirleri görkezildi.

Agşamlyk Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde döredijilik forumynyň ýapylyş dabarasy boldy.

Tatar hem-de türkmen artistleriniň bilelikdäki çykyşlary baýramçylyk gala-konsertiniň esasyny düzdi. Onuň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, tanslar we estrada aýdymlary girizildi.

Tatarystan Respublikasynyň Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde operalardan ariýalar, romanslar, halk sazlary, dünýä we tatar nusgawy saz eserleriniň hazynasyndan ajaýyp eserler ýerine ýetirildi.

Çykyşlaryň hemmesinde milli däpleri saklamak meýilleri aýdyň duýulýar. Sazlaryň, aýdymlaryň we tanslaryň üsti bilen tomaşaçylara iki halkyň milli ruhy, kalbynyň ýylysy we içki duýgusy ýetirildi. Dürli ýaşdaky dürli milletleriň aýdym-saz ussatlarynyň saz medeniýetine bolan özboluşly garaýşy, gaýtalanmajak ýerine ýetirijilik usuly bar. Şeýle-de bolsa sahnada çykyş eden türkmen we tatar artistleri birek-biregiň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Hut şeýle gatnaşyklara birek-biregi tanamaga we özara düşünişmäge halklar sungat dünýäsine çuňňur aralaşmaga ýardam edýär, halklaryň ýakynlaşmagy üçin egsilmez mümkinçilikler döredýär.

“Berkararlyk we bagtyýarlyk eýýamy” we “Biz başarýarys” ýaly umumy ruhy gymmatlygy we berk dostluk gatnaşyklary bilen baglaşýan Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň häzirki döwürde gazananlary barada gürrüň berýän dokumental filmler Medeniýet günleriniň jemleýji çäresine öwrüldi.

Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ahyrynda belli tatar aýdymçysy Salawat Fathetdinowyň ýerine ýetiren “Tatarystan, men seni söýýän” atly aýdymy ýaňlandy. Gadymy türkmen tansy bolan “küştdepdi” konsert maksatnamasyny jemledi. Oňa türkmen we tatar artistleri gatnaşdylar.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti R.Minnihanow dabarada çykyş edip, döredijilik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde guralandygy, Tatarystanyň wekiliýetiniň türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi, şeýle hem olaryň häzirki zaman Türkmenistan, bekrarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat taýdan ösüş depginleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda “Kazan tatarlarynyň amaly-haşam sungaty” atly serginiň ýaýbaňlandyrylandygyny, şeýle hem paýtagtymyzyň muzeýleriniň, çeperçilik mekdepleriniň, Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýetiň hem-de sungatyň ösüşi barada gürrüň berýän sergisiniň guralandygyny hem bellemek gerek.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.