Ï Dünýä metbugatynyň sahypalarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä metbugatynyň sahypalarynda

view-icon 2429
TDH-niň geçen hepdäniň wakalaryna bagyşlanan teswirlemesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasyna bolan üstünlikli resmi saparynyň dünýä metbugatynyň ünsüni çeken esasy täzelik bolandygy bellenilýär.

Özi-de şeýle makalalar we habarlar diňe bir saparyň öň ýanynda ýa-da saparyň amala aşyrylan günlerinde däl, eýsem, häzirki günlere çenli elektron we beýleki habar beriş serişdeleriniň sahypalarynda yzygiderli berilýär. Bu meseläniň derwaýysdygyny nazara almak bilen, dünýä metbugatynyň şol seslenmeleriniň käbirini siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Minskide ýokary derejede boljak gepleşiklere taýýarlyk görmegiň barşynda eýýäm Belarusyň habar beriş serişdeleri duşuşygyň örän üstünlikli boljagyny çakladylar.

“Belarus Türkmenistanyň Prezidentiniň saparyna uly ähmiýet berýär” diýip, hususan-da, “BELTA” habarlar gullugy Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň öz türkmen lideri bilen duşuşygyň öňüsyrasynda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde aýdan sözlerine salgylanyp belleýär. Belarusyň lideri Türkmenistanyň Belarus üçin möhüm we geljegi uly hyzmatdaş bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýylda ýa-da bir ýarym ýylda bir gezek duşuşmak baradaky ylalaşygyny ýatlady.

Şu günlerde Internet ulgamynda peýda bolan makalalaryň we habarlaryň ençemesi türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejesine çykaran iki lideriň duşuşygyna bagyşlandy.

“Aleksandr Lukaşenko we Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen gepleşikleriň oňyn häsiýete eýe bolandygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda Belarusyň we Türkmenistanyň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge ýardam berjekdiklerini aýtdylar”, “Iki ýurduň Prezidentleri gepleşikleriň özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini nygtadylar hem-de şol gepleşikleriň türkmen-belarus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler”—şeýle teswirlemeler dünýäniň habar beriş ulgamlarynyň ýaýradan her bir habarynda öz beýanyny tapdy.

“Belarus we Türkmenistan ýakyn ýyllar üçin özara bähbitli hyzmatdaşlagyň täze ugurlaryny kesgitlediler” diýip, Belarusyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi. Bu gulluk iri ikitaraplaýyn taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigine garamazdan, iki ýurduň liderleri hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar we özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge taýýardygyny tassykladylar diýip belledi.

Žurnalistler sapar bilen baglanyşykly ähli zatlara uly üns berdiler. Olar gyzyklanma bildirilýän meselelerň ählisi boýunça oňyn gatnaşyklaryň dowam etdirilmegine iki tarapyň hem çalyşýandygyny belläp, iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda hoşniýetli we birek-birege ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryň höküm sürýändigini nygtadylar. Mysal üçin, Belarus döwletiniň baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, “ony öz dosty, şeýle hem belarus halkynyň dosty hökmünde” garşylamaga şatdygyny aýtdy. “Bu ýöne bir sözler däldir. Siz biziň üçin örän köp zatlary etdiňiz, Siz öz ýurduňyzyň döwlet we döwlete degişli bolmadyk maksatnamalaryna gatnaşmaga mümkinçilik döretdiňiz, munuň özi biziň senagat kärhanalarymyzy, aýratyn hem uly kärhanalarymyzy iş bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berdi” diýip, Belarusyň Prezidenti nygtady we Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany döwründe Belarusyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki zaman taryhynyň tutuş dowamynda edilen işlerden hem köp işlere amal edilendigini belledi.

Öz nobatynda, türkmen Lideri Aleksandr Lukaşenkonyň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösmegine uly şahsy goşandyny goşandygyny belläp, bir ýyl mundan ozal Belarusyň Prezidentiniň Türkmenistanda resmi sapar bilen bolandygyny ýatlatdy. Şol saparyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça oňat meýilnamalar kabul edildi, häzirki wagtda olar netijeli amala aşyrylýar diýip, metbugat neşirleri belleýärler.

“Türkmenistan we Belarus on dört sany resminama gol çekdiler” diýip, Russiýanyň iri habar beriş gulluklarynyň biri bolan “ITAR-TASS” habar berýär.

Habar beriş gulluklarynyň köpüsi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belarusly hyzmatdaşlary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrandygyny belleýärler. Olar türkmen Lideriniň sözlerine salgylanyp, ýylyň başynda kabul edilen 2012-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň orta möhletli maksatnamasyna laýyklykda ýurtda oba hojalygyny, şäher düzümini ösdürmäge uly üns beriljekdigini habar berýärler. “Men biziň belarusly dostlarymyzyň hem şu çärelere gatnaşmagyny we özleriniň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyny isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

“Belarus Türkmenistanyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmaga ýardam bermäge taýýardyr”—şeýle sözbaşyly habar “RIA Nowosti” saýtynda peýda boldy. Habarda häzirki wagtda Türkmenistanda belarus maýasynyň gatnaşmagynda 15 sany kärhana hereket edýär, umumy möçberi ABŞ-nyň 1 milliard 123 million dollaryna barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 13-si hasaba alyndy diýlip aýdylýar.

“Türkmen Lideri ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge we özara eksportyň hem-de importyň sanawyny giňeltmäge çagyrdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň paýtagtlarynda açylan Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda öýleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksadalaýyk hasaplady, şeýle hem iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň ýanynda hyzmatdaşlyk boýunça işewür geňeşleri döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi” diýlip, habarda bellenilýär.

“Türkmenistan. RU” Internet-gazeti hem özüniň köp sanly okyjylaryna Türkmenistanyň we Belarusyň hyzmatadaşlyk boýunça işewürlik geňeşini döredýändigini habar berdi. Onuň işi iki ýurduň işewür toparlarynyň, kiçi we orta telekeçiliginiň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.

Öz nobatynda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko özara gyzyklanmanyň netijesinde ýurtlaryň ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň köp esse artdyrylmagyny gazanandygyna ünsi çekdi. Gepleşikleriň barşynda bellenilişi ýaly, soňky dört ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bäş esse artdy we 2011-nji ýylda ABŞ-nyň 200 million dollaryndan hem geçdi. Belarusyň lideri eýýäm 2012-nji ýylyň birinji çärýeginiň içinde bu görkezijiniň 350 million dollara barabar bolandygyny hem-de geçen 5 ýylyň görkezijisinden ýokary bolandygyny buýsanç bilen belledi.

“Biz ykdysady gatnaşyklarymyzyň häzirki derejesini saklamak bilen çäklenmän, eýsem, has işjeňlik bilen öňe tarap hereket etmek üçin ähli tagallalary etmelidiris” diýip, habar beriş serişdeleri Belarus lideriniň sözlerini mysal getirýärler. Aleksandr Lukaşenko Belarus ýurtda toplanan tejribäni paýlaşmaga taýýardyr diýip aýtdy. “Biziň türkmen halkyndan hiç hili gizlin zadymyz ýok. Çünki, siz hem şeýle hereket edýärsiňiz” diýip, ol nygtady.

Habar beriş serişdeleriniň köpüsi bilelikde işlemek babatda toplanan tejribe barada aýdyp, Garlykda dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak taslamasyny ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň aýdyň mysaly hökmünde görkezdiler. Bu taslama gyzyklanma barha artýar. “Bu möhüm ähmiýetli taslama üstünlikli badalga berildi we ähli ýüze çykýan meseleler çalt hem-de ýokary derejede çözülýär. 2014-nji ýylda-2015-nji ýylyň başynda biz bu ilkinji kärhananyň toý bagyny kesjekdigimize ynanýaryn” diýip, Belarusyň lideri gepleşikleriň barşynda aýtdy.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana belarus oba hojalyk, ýol-gurluşyk we jemagat hojalygy tehnikasyny getirmek barada ylalaşdylar diýip, hususan-da, “BELTA” habarlar gullugy habar berdi. Bellenilişi ýaly, 27-nji aprelde Minskide gol çekilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky döwletara ylalaşygyna laýyklykda, belarus tarapy kepillendirilen döwür üçin iberilýän tehnikalara hyzmat etmegi guramaga, şeýle hem tehnikanyň şu görnüşiniň öndürilişi bes edilenden soň, 10 ýylyň dowamynda olar üçin ätiýaçlyk şaýlary ibermäge borçlanýar. Mundan başga-da, Belarus özüniň tehnikasy bilen işlemek we oňa hyzmat etmek boýunça hünärmenleriň okadylmagyny gurar.

Russiýanyň “INTERFAKS” habarlar gullugy häzirki wagtda energetika ulgamynyň türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada aýdylanda bolsa, bu babatda energetika ulgamynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyna üns bermek möhümdir. Hususan-da, belarus kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklarynda hem-de elektrik energetika düzümini döwrebaplaşdyrmakda bilelikde işlemegiň geljegi uludyr” diýip, habarlar gullugy belleýär.

Habarlaryň käbirinde gepleşikleriň barşynda syýahatçylyk ulgamy Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi diýlip bellenilýär. Hazaryň türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bu ulgam aýratyn ösüşe eýe boldy. Maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň uludygy nazara alnyp, şu ýyl Aşgabatda bu ulgamda türkmen-belarus işewürlik maslahatyny guramak barada ylalaşyldy.

Daşary ýurt metbugaty Türkmenistanyň we Belarusyň Baştutanlarynyň ýurtlaryň arasynda ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak belländiklerini habar berdi. Belarus döwletiniň Prezidentiniň pikirine görä, munuň özi köp babatda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselesine aýratyn üns berýändigi bilen şertlendirilendir. “Ýönekeý raýatlar barada alada etmek, jana-jan bähbitlere düşünmek, bu ileri tutulýan ugurlary halkara giňişliginde goldamaga yhlasly çemeleşmek babatda biziň ýurtlarymyzyň garaýyşlary örän ýakyndyr” diýip, Belarusyň lideri belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “Trend” habarlar gullugy Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň aýdan sözlerine ünsi çekdi. Ol “Türkmenistan Orta Aziýa sebitinde Belarusyň ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar, iki ýurduň bähbidi üçin onuň bilen gatnaşyklar ýylsaýyn pugtalanýar” diýip nygtady.

Internet-neşirler Türkmenistanyň we Belarusyň Liderleriniň ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çeken bilelikdäki türkmen-belarus maglumatynda sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şol sanda terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we häzirki dünýäniň beýleki milletara wehimlerine we howplaryna garşy göreşde tagallalary utgaşdyrmak boýunça arkalaşykly hereket etmegiň möhümdiginiň nygtalýandygyny bellediler.

Resminamada taraplaryň Belarus Respublikasynyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen arkalaşykly hereket etmegini ýola goýmaga, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda synçynyň hukuk ýagdaýyny almak üçin belarus ýüztutmasyny herekete getirmäge Türkmenistanyň ýardam bermegi barada ylalaşyk gazanandyklary bellenilýär.

Dünýä ýurtlarynyň okyjylary diňe bir ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri barada däl, eýsem, saparyň maksatnamasyna girizilen beýleki möhüm çäreler hakynda hem habarly edildi. Mysal üçin, “Telegraf.by” internet-neşiri ylmy, türkmen-belarus gatnaşyklaryny ösdürmäge, medeni we bilim ulgamyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýewropanyň we dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Belarus döwlet uniwersitetiniň hormatly professory diýen adyň dakylandygyny habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Belarus Respublikasynyň ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny ýatlatmak ýerlikli bolardy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Minsk şäherine bolan saparynyň öňüsyrasynda “Salidarnassi” belarus neşiriniň habarçylary ýurtda iň köp sanly daşary ýurtly talyplar—türkmenistanly talyplar bilen söhbetdeş boldular. Neşir resmi statistikanyň maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylda Belarusda daşary ýurt talyplarynyň 11 müňden gowragy okady, olaryň ýarysyna golaýy Türkmenistandan gelen talyplardyr. Şu duşuşygyň çäklerinde bellenilişi ýaly, şu okuw ýylynda Belarusyň dürli sebitlerinde türkmen raýatlarynyň 6 müňe golaýy okaýar we bu ulgamda hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uzakmöhletleýin esasy döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň hut özüniň ugratmagy belarus tarapynyň türkmen Lideriniň şu saparyna örän uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ýagdaý örän seýrek bolýar we Belarusyň diplomatik protokoly boýunça gepleşikleriň örän şowly bolandygyny hem-de myhmana iň ýokary derejede hormat-sarpa goýlandygyny aňladýar.

Şeýlelikde, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň iki dostlukly ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin geçirilen türkmen-belarus gepleşikleriniň, gazanylan ylalaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň binýadyny berkitjekdigini biragyzdan belländiklerini nygtamak bolar.