Ï Ýatdan çykmajak baky däp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýatdan çykmajak baky däp

view-icon 697
Paýtagtymyzyň „Altyn ýyldyz“ medeni dynç alyş merkezinde weteranlara, ýar ojagyny saklap yzynda galan zenanlara we gije-gündiz tylda işlän zähmetkeşlere bagyşlanan konsert gurnaldy. Bu konserte „Oguzlar“ aýdym –saz topary hem-de paýtagtymyzyň çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk saçagynyň başynda oturan ak saçly weteranlar, ýarlaryny Watan goragyna ugradyp, gözi ömürlik ýolda galan zenanlar Watan baradaky aýdymlary we çagalaryň hakyky çyn ýürekden okaýan goşgularyny gözüne ýaş aýlap diňlediler. Dabaranyň gurnaýjylar bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Uruş Weteranlary guramasynyň we Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşleri tarapyndan taýýarlanan gül çemenleri we gymmat bahaly sowgatlar şu ajaýyp baýramçylygyň sebäpkärlerine gowşuryldy.

Dünýäniň dürli dillerinde sabyrsyzlyk bilen garaşylan ÝEŇIŞ sözünden bizi 67 ýyl aýralaýar. Ýeňiş- gahrymanlygyň we edermenligiň, ruhy berkligiň we gaýduwsyzlygyň alamaty boldy. Watany, öz maşgalasynyň ar-namysyny, mertebesini aýap-saklan, geljekgi nesilleriň bagtyýarlygy, dünýädäki ähli halklaryň parahatçylygy ugrunda gaýduwsyz göreşen weteranlarymyzyň hormatyna şu günler Türkmenistanyň ähli künjeklerinde Beýik Ýeňik baýramçylygy mynasybetli çäreler geçirilýär.