Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň maslahatlar geçirilýän jaýynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramasynyň gitaristler jemgyýetiniň ýardam bermeginde Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp konserti geçirildi.
Kamera konsertinde gitara üçin geçirilen sazlaryň ýigrimä golaýy akustiki we elektro saz gurallarynda ýekelikde we iki bolup ýerine ýetirildi. Ýerine ýetirijileriň arasynda ussat sazandalar bilen bilelikde ýaş sazandalar hem bar. Ýaşuly ussat sazanda 60 golaýlan bolsa, konsertiň ýaş sazandasy Baýly Çokanow ýaňy 10 ýaşap geçdi. Gitarany diňlemek üçin bu zala döredijilik adamlary, talyplar we sazyň köpsanly muşdaklary geldiler.
Konserte gelenler Ýusuf Ismailowyň, Eziz Annamyradowyň we Kakajan Hudaýnazarowyň ussatlyklaryna hem-de ýerine ýetirijilik ukyplaryna hormat goýup, olary uly höwes bilen diňlediler. Olar belli türkmen kompozitorlary N.Halmämmedowyň, I.Babaýewiň eserlerini, „Nar agajy“ , „Keçpelek“ we beýleki birnäçe halk sazlaryny gitara geçirilen ýütgeşik owazyna maýyl boldular.
Konsertiň ussat sazandalary diňleýjilere I. Bahyň, P.Roçyň, I. Kramskoýyň nusgawy eserlerini , şeýle-de „Bitlz“, „Jipsi King“ we Elwis Presliniň gitarada işlenen görnüşlerini hödürlediler. Konsertde uruş ýyllarynyň aýdymlary hem öz mynasyp ornuny tapdy.
Konserti Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi, ençeme halkara saz taslamalarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň we festiwallaryna gatnaşyjy Mihail Çaryýew tamamlady. Ol öz şägirdi bilen birnäçe belli eserleri, El Di Meolyň we I. Haýdarowyň eserini ussatlarça ýerine ýetirdi. Çykyş edýanleriň arasynda ýaş sazandalar Tahyr Muhammedowy we Tigran Şahunsy belläp geçmeli. Olar sahnada özüni ynamly alyp baryp, ýerine ýetirijilik ussatlygyny görkezdiler.
Gitaraçylar jemgyýeti Türkmenistanda bellenilýan baýramçylyklaryna bagyşlap, şunuň ýaly konsertleri yzygiderli geçirip durýar. Bu toparyň agzalary sazy söýýän ussatlar gastrollara gidip çykyş edýärler.