Türkmenbaşy şäherinde nebitçileriň medeniýet köşgüniň we oňa ýanaşyk ýerleşen sport desgalarynyň we meýdanlarynyň durkuny täzelemek işleri başlandy. Toplumyň gapdaldaky aýratyn ýerleşen jaýlarynda aragatnaşyk ulgamyny, pollary, diwarlary we penjireleri sökmeklik işleri tamamlanyp gelýär. Bu gurluşlar köne suwagdan arassalanyp, daşky we içki diwarlarynyň timarlaýyş işlerine taýýar edilýär. Binanyň töwereginde häzirki zaman sport meýdançasyny we seýilgähi döretmek üçin gurluşyk işleri meýilleşdirilýär.
Nebitçileriň medeniýet köşgüniň durkuny täzelemek işleri Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýyrmasy esasynda „Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konserniniň kömekçi potrat edaralary alyp barýar. Soňky iki ýylyň içinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýyrmasy esasynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň we şäheriň çäklerinde zerur bolan önümçilige hyzmat edýän hojalyk pudaklary bilen üpjün edilen durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň birnäçesi ulanylmaga berildi. Olaryň içinde Awaza kenarynda has uly 900 adama niýetlenen sagaldyş merkezini, 600 orunlyk orta mekdebi, çagalar bagyny, otaglary ýokary amatlykly bolan dört gatly ýaşaýyş jaýyny we birnäçe başga –da medeni maksatly binalary we desgalary mysal getirip bolar.
Gurluşykçylar medeni merkeziň durkuny täzelemek işlerinde bu binanyň mawritan akymyny yzarlaýan ilkinji görnüşini dikeldip, onuň içiniň gurluşyny häzirki zaman tehnologiýalaryň we gurluşyk materiallarynyň kömegi bilen baýlaşdyrarlar. Şäheriň taryhy merkeziniň estetiki görnüşini täzelemek üçin onuň meýdançasy köşkdäkiler ýaly eýwanlary, basgançaklary we parapetleri gymmat dag daşlary bilen bezeler. Binagärleriň niýetlerine laýyklykda gök baglara bürenen köp akymly suw çüwdürimi binagärligiň täze bir aýratynlygy bolar.