Ï Gadymy Merw alymlar bilen täze duşuşyga taýýarlyk görýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gadymy Merw alymlar bilen täze duşuşyga taýýarlyk görýär

view-icon 761
Iýun aýynyň 6-na Mary şäherinde „Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy“ atly halkara maslahaty geçiriler. Oňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň meşhur alymlary garnaşarlar.

Halkara maslahatynyň işiniň dowamynda Türkmenistanda medeniýetde, ylymda we bilimde gazanylan üstünlikler, Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de wagyz etmek işlerini ösen döwrüň talaplaryna laýyk ýaýbaňlandyrylyşy bilen halkara jemgyýetçiligine ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Bu halkara maslahaty halkara medeni we ylmy gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň gadymy maddy medeniýeti baradaky ylmy binýady has-da pugtalandyrmak, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletler bilen özara medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de Mary şäheriniň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýär.

Türkmeistanyň Medeniýet ministrligine, Daşary işler ministrligine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine halkara maslahatyny guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.