Ï Hyzmatdaşlyk arkaly bilim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk arkaly bilim

view-icon 1507
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar institutynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň merkezi bilen „Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara žurnalistikanyň žanrlary“ ady bilen okuw geçirildi.

Okuwyň esasy gatnaşyjylary „halkara žurnalistikasy“ hünäriniň talyplary boldular. Okuwy Moskwanyň halkara gatnaşyklar döwlet institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň dekany, sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty Ýaroslaw Skworsow geçirdi.

Esasan hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hyzmatlaryny we wezipelerini, olaryň häzirki zamanda üýtgemeklik ýollaryny we ugurlaryny kesgitlemek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky we giň möçberli sosial-syýasy özgertmelerdäki orny baradaky temalar halkara ekspert tarapyndan durup geçilen temalaryň sanawyna girdi.

Moskwanyň halkara gatnaşyklar döwlet institutynyň „Ekologiki howpsuzlygyň global we sebitara düzümleri“ atly, Almatyda (Gazagystan) geçirilen „Gumanitar ulgamdaky halkara-hukuk kadalary“ okuwlaryna we Turkiýe döwletiniň diplomatiýa akademiýasynda ýaş diplomatlar üçin geçirilen okuwlaryna gatnaşan Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklar institutynyň käbir mugallymlary hem halkara hyzmatdaşlygynyň başlangyjy bilen geçirilen bu okuwlara işjeň gatnaşdylar.