Ï Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: dostlukly halklaryň medeniýetleriniň diplomatiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – Koreýa Respublikasy: dostlukly halklaryň medeniýetleriniň diplomatiýasy

view-icon 727
Şu gün Milli medeni merkeziň Mukamlar köşgünde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy.

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan bu dostlukly çärä gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň Medeni-maglumat merkeziniň direktory U Jin Ýonyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Onuň düzümine Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlarynyň arasyndaky medeni alyşmalar boýunça assosiýasiýanyň ýolbaşçylary we agzalary, döredijilik toparlary we artistler girdiler.

Türkmenistanlylara biziň ýurdumyzda geçirilen halkara folklor we çagalar festiwallary arkaly mälim bolan Koreýanyň sahna sungaty bilen şu gezekki duşuşyk Mukamlar köşgünde tomaşaçylaryň köp sanlysyny ýygnady.

Konsertiň açylyş dabarasynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap An Mýong Su çykyş edip, ýygnananlary iki ýurduň we halklaryň özara gatnaşyklaryň taryhyndaky şanly sene bilen gutlady hem-de köp ugurlar boýunça, hususan-da, ynsanperwerlik ýaly möhüm ulgamda ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini nygtady. Ilçi iki halkyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandynyň bardygyny, türkmen Lideriniň bilelikdäki taslamalara uly goldaw berýändigini aýratyn belledi.

Diplomat Koreýa Respublikasynyň medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, Ýosu şäherinde geçirilýän “EKSPO—2012” Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer diýip belledi. Şol sergide ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyndan, onuň tebigaty goramak we deňiz serişdelerini aýawly saklamak babatda gazanan üstünliklerinden başga-da, milli medeniýetiň däp-dessurlary hem görkeziler.

Jenap U Jin Ýon medeni syýasatyň wezipelerini çözmekde Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, umumy tagallalar bilen döredilýän türkmen-koreý medeniýet köprüsiniň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynda gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Özünde Koreýanyň däp bolan we häzirki zaman sungatyny sazlaşykly birleşdirýän baýramçylyk konsertiniň maksatnamasyna laýyklykda, “SR-group” we “Bibimbap” meşhur döredijilik toparlary çykyş etdiler. Olar tans taekwondosyny, halk tanslaryny we beýlekileri hödürlediler.

Koreýanyň sungat ussatlarynyň sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyşlary mahalynda, tomaşaçylar özboluşly horeografik kompozisiýalar we täsin folklor sahnalary bilen tanyşdylar. Olarda bu ýurduň milli medeniýetiniň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Örän ýakymly we süýji bolmak üçin köp zatlar goşulyp taýýarlanylýan, Koreýanyň däp bolan “bibimbap” tagamynda bolşy ýaly, bu şüweleňde hem halk aýdym-sazlary we tanslary, estrada aýdymlary, akrobatiki maşklar, breýk-dans we däp bolan söweşjeň sungatyň tilsimleri sazlaşykly utgaşdyryldy. Bu konsertde Koreýanyň gaýtalanmajak sungaty, onuň özüneçekiji güýji, täsinligi we özboluşlylygy öz beýanyny tapdy.

Şunuň bilen birlikde, meşhur koreý halk aýdymlarynyň biri bolan “Ariran” diýen aýdymyň adyny göterýän bu festiwal şüweleňini guraýjylaryň pikirine görä, ol koreý halkynyň beýleki halklar bilen dostluga hem-de doganlyga, dünýäde agzybirlige we ylalaşyklylyga ymtylmasyna esaslanan çuňňur filosofiýany özünde jemleýär. Koreýanyň köp öwüşginli medeniýeti, artistleriň zehini we ýerine ýetirijilik ussatlygy türkmen tomaşaçylaryny haýran galdyrdy. Olar artistleriň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar we gül desseleri bilen garşyladylar.

Bu täsirli konsert iki medeniýetiň wekilleriniň ruhy taýdan ýakynlaşmagynda, türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda uly goşant boldy. Bu baýramçylyk konserti iki dostlukly halkyň meňzeş zatlarynyň örän köpdügini görkezdi. Mysal üçin, ählihalk baýramçylyklarynda ýerine ýetirilýän aýdym-sazlara we tanslara uly sarpa goýmak, däp-dessurlara aýawly garamak iki halka-da mahsusdyr.

Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Koreýa Respublikasyndan gelen myhmanlar türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşarlar, Baş milli muzeýe, Türkmen halysynyň milli muzeýine, şeýle hem “Ylham” seýilgähine baryp görerler.