Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Döwlet Öwezmyradow (skripka) we 2-nji ýyl talyby Tahyr Ataýew (alt) Türkiýede we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda „TÜRKSOÝ“ Halkara ýaşlar simfonoki orkestriniň düzüminde çykyş edip, biziň ýurdymyza wekilçilik etdiler. Bu ajaýyp özboluşly köp milletli talyplar döredijilik toparynyň – türk saz medeniýetini işeňňir wagyz ediji toparyň çykyşlary doly bildirişler esasynda geçdi.
Öňünden görülen taýýarlyklaryň we geçirilen diňlenmeleriň dowamynda türkmen sazandarlarynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlyklary netijesinde olara aýratyn ygtyýarlyklar berildi. Döwlet Öwezmyradow orkestriň konsertmeýsterligine bellenildi. Tahyr Ataýew altçylar toparyna ýolbaşçylyk etdi.
Birinji konsert Türkiýäniň uly bolmadyk şäherçesi bolan Eskişehiriň (gadymy şäher) Opera zalynda geçirildi. Birnäçe günden soň „TÜRKSOÝYŇ“ sazandarlaryna ABŞ-yň ýaşaýjylary el çarpyşdylar. Nýu-Ýorkda konsert bäş müň tomaşaça niýetlenen Linkoln merkeziniň zalynda geçdi. Waşingtonda türk dilli ýurtlaryň simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren sazlary Fişer hollyň sahnasynda ýaňlandy. Bu ýerde „Ýunus Emre“ bir sagatlyk oratoriýasy hor bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Orkestriň kamera düzüminiň aýratynlykdaky çykyşy Robinsonyň sazçylyk mekdebinde, soňra Filadelfiýa ştatynda – Pensilwansk uniwersitetiniň sahna meýdançalarynda guraldy. Bu ýerde „TÜRKSOÝ“ orkestriniň agzalarynyň ählisine bu ýokary okuw mekdebiniň hormat hatlary gowşyryldy.