Ï Awaza ýaş zehinliler bilen boljak täze duşuşyga garaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awaza ýaş zehinliler bilen boljak täze duşuşyga garaşýar

view-icon 700
Türkmenistanyň Medeniýet we Bilim ministrlikleriniň yglan eden Halkara festiwalyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde bäsleşik esasynda zehinli çagalaryň şäher saýlama tapgyry geçirildi. Bu Halkara festiwaly şu ýylyň tomsunda „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Deňiz kenarynda üsti açyk sahnada çagalar folklor toparlary, solistler, aýdym we tans toparlary, çeper okaýjylar çykyş etdiler. Ýaş hudožnikler hem-de fotosuratkeşler hem bu ýerde öz eserlerini görkezdiler.

Şäher sahnasynda uly joşgun bilen çykyş edenler hem-de tomaşaçylaryň çäksiz söýgüsine mynasyp bolan solistler we döredijilik toparlary Balkanabatda geçiriljek bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşarlar. Bu ýerde „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Halkara festiwalyna ýollanma aljaklar kesgitlener.