Ï Astrahan oblastynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahan oblastynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy

view-icon 568
Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik forumy halklaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan ägirt uly gyzyklanmasyny we isleg-arzuwyny tassyklamak bilen, hakyky dostluk baýramçylygyna öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler türkmen halkynyň özboluşly döredijiligi bilen astrahanlylary tanyşdyrdy. Görnükli türkmen sazandalarynyň we aýdymçylarynyň, tanymal aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary, türkmen kinofilmleri, fotosuratlaryň we Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznasyndaky amaly-haşam sungatynyň nusgalary, biziň ýurdumyz baradaky fotowernisaž, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna oýny, watandaşlar bilen duşuşyklar türkmen-rus medeni gatnaşyklaryny has-da giňeltdi.

Kärdeşler bilen duşuşyklaryň çäklerinde ýazyjylar, kompozitorlar we suratçylar, Astrahan konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklar oňa gatnaşanlarda döredijilik aragatnaşygyny saklamak we tejribe alyşmak üçin oňat mümkinçilik boldy.

Şu gün Türkmenistanyň toparyny Astrahan oblastynyň gubernatory A. A. Žilkin kabul etdi. Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň arasynda ýola goýlan kopugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýän döredijilik gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy. Şeýle-de Medeniýet günleriniň dowamynda biziň ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň durnukly ösýän täze Türkmenistany, onuň özboluşly medeniýetiniň we sungatynyň ajaýyp öwüşginini joşgun bilen beýan edendikleri bellenildi.

Astrahan oblastynyň Medeniýet ministrliginde bolup geçen söhbetdeşlik hem esasan ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek barada boldy. Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde geçirilen ähli çäreler şäheriň ýaşaýjylarynda we habar beriş serişdeleriniň işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi, şol sanda Russiýanyň telewideniýesiniň sebitlerdäki teleýaýlymlarynyň bölümlerinde hem medeniýet günlerine degişli gepleşikler adaty bolmadyk döredijilik göterilişi ýagdaýynda geçdi.

Döredijilik forumynyň jemleýji güni hem täsirli geçdi. Agşam Astrahanyň döwlet filarmoniýasyna oblastyň hökümetiniň, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň wekilleri, şäheriň giň jemgyýetçiligi, kowçum bolup ýaşaýan türkmenler, talyp ýaşlar ýygnandylar. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyşynyň resmi dabarasyna we türkmen hem-de astrahanly artistleriň bilelikdäki jemleýji konsertine Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin gatnaşdy.

Oblastyň ýolbaşçysy ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda doganlyk halklaryň Medeniýet günlerini geçirmek baradaky bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli sözler aýtdy. Şeýle-de gubernator Astrahan oblastynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilnamalaryna gatnaşýan Russiýanyň iň bir işjeň sebitleriniň biridigini kanagatlanma bilen belledi.

Astrahanyň kärhanalarynyň tehnologiki önümlerine türkmen bazarynda uly isleg bildirilýär, oblastyň işewür toparlarynyň arasynda türkmen hyzmatdaşlarynyň önümlerine gyzyklanma artýar. Astrahanyň ýokary okuw mekdeplerinde we kollejlerinde türkmen talyplary hünär öwrenýärler. Geografiki ýakynlyk bolsa özara bähbitli ýük we ýolagçy gatnawlaryny ösdürmäge mümkinçilikleri şertlendirýär. Biziň ýurtlarmyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklarymyzyň, şol sanda ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi biziň gatnaşyklarymyzyň berkemeginde ikitaraplaýyn gyzyklanmalara esas bolup hyzmat edýär diýip, gubernator belledi.

Soňra Türkmenistanyň hem-de Astrahan oblastynyň medeniýet we sungat işgärleriniň bilelikdäki uly konserti boldy. Onda halk aýdymlary we sazlary, tans çykyşlary, milli we dünýä saz medeniýetiniň taryhyna giren kompozitorlaryň eserleri ýaňlandy.

kärdeşlerine - “Aşgabat” orkestrine, “Dürdäne” folklor toparyna, türkmen opera mekdebiniň wekillerine, belli halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijilere Astrahanyň döwlet aýdym we tans ansambly, Astrahanyň döwlet filarmoniýasynyň kamera orkestri, Astrahanyň döwlet opera we balet teatrynyň simfoniki orkestri we aýdymçylary hem goşuldylar.

Ýer eýeleriniň we türkmen myhmanlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ýakymly milli sazlar we aýdymlar, şowhunly tanslar, folklor çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen gyzgyn garşylandy.

Zehinli ýerine ýetirijileriň her bir çykyşlaryna öz halklarynyň köp asyrlyk saz däplerine bolan hormat we söýgi siňdirildi.

Konsert oňa gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde Türkmenistana bagyşlanylan aýdym hem-de “Küştdepdi” tansy bilen jemlendi.