Ï Köýtendag syrlaryny dünýä ýaýýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendag syrlaryny dünýä ýaýýar

view-icon 1034
…Dinozawrlaryň kiçeňräk topary ýalpaklykda otlaýardy. Uly süýrenijileriň arkaýyn gezelenç etmesine tolkunýan suw jowzaly ýura gününiň şöhlelerine kümüşsow reňki bilen öwüsýärdi, ägirt uly paportnikleriň şahalary ýakymly şemaljagazda ygşylaşýardylar. Birden-kä asuda otlap ýören sürini ýyrtyjy hažžyk bimaza etdi. Dinozäwrlar äpet guýruklaryny yralap, örän çalt jeňňellikleriň arasynda ýitip gitdiler.


150 million ýyl geçdi, we asuda deňiz aýlagyndan dag ýapgydyna öwrülip ýetişen bu ýerde alymlaryň gatnaşmagyndaky derejeli ekspedisiýasy bir wagtlar dinozawrlaryň galdyran aýak yzlaryna dykgat bilen seredip, olary aýratyn üns bilen öwrenýärdiler. Dürli dillerde gürrüň edilýärdi we deňiz derejesinden ýarym kilometr beýiklikde göni ýapgytlykda ylmy çekişmeler başlanypdy. Alymlar hyýallarynda eýýäm gadymyýete geçip, bu ýerde bolan ýaşerler baradaky we olaryň galdyran aýak yzlarynyň geologiýa döwürleri nädip başdan geçirindikleri baradaky pikirlerini ara alyp maslahatlaşýardylar.

Ajaýyp Köýtendagyň gözelliklerini, tebigy baýlyklaryny we etnografiki ýadygärliklerini öwrenmeklige bagyşlanan forumyň dowamynda şunuň ýaly epizodlar köp boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen halkara ylmy ekspedisiýasy we „Türkmen tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri“ atly halkara ylmy maslahaty halkara ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Çäraniň işine dünýäniň 20 döwletinden 60-dan gowrak belli alymlar we bilermenler gatnaşdylar. Köýtendagyň käbir täsinlikleriniň millionlarça ýyllar üstünden geçirenine garamazdan, olar munuň ýaly ünsi ilkinji gezek görýärdiler. Bu giň gerimli ekspedisiýa bolsa türkmen tebigatyny şeýle ýokary derejede öwrenýän ilkinji ekspedisiýadyr.


Onlarça hünärmenler tarapyndan hödürlenen dürli görnüşli maglumatlar, sebitde geçirilen barlaglaryň netijeleri, şu wagta çenli bu barada toplanan bilimler taryh we ylym üçin ylmy maslahatyň tezisleriniň saldamly ýygyndysyny toplady. Forumyň çäklerinde başlanan iş dowam edýär. Bu günler ÝUNESKO-nyň görnükli bilermenlerinden düzülen wekiliýet Köýtendaga baryp barlaglary geçirdi ahyryn we ol ilkinji synagyny geçdi. Köýtendag täsinliklerinde giň möçberli barlaglaryň başy we degişli resminamalary taýýarlamaklyk işleri başlandy. Abraýly halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Bütündünýä mirasynyň hatarynda bu ajaýyp Köýtendagy görmeklik pikiri boýunça bilermenler ylalaşdylar. Aslyýetinde ýadygärlikleri suratlandyrmak we degişli ölçeglere gabat gelmekligini kesgitlemek babatynda köptapgyrly işlere badalga berildi.


Öz hünärleri we işleri boýunça ylymly we köpi gören alymlaryň ýüzüne seredeniňde, göwnüňe bolmasa olary hiç bir zat haýran galdyrmajak ýalydy. Ýöne Köýtendagyň myhmanlarda joşgunly duýgulary döredýänligini göreniňde türkmen tebigatynyň olara edýän güýçli täsirlerini aýdyň görüp we duýup bolýar. Geň galyjylyk, hakyky tüýs ýürekden çykýan şatlyk we gyzyklanma... Dogurdan hem bu ajaýyplyklar, tebigat owadanlygy hiç kimi biperwaý goýmaýar. Bu ajaýyplyklar barada indi ylmy dilde gürrüň bermeli. Tekstiň, çyzgylaryň we suratlaryň köp bolmagyndan daşary esasy zat , ýagny ýer togalagynyň başga ýerinde tapylmajak tebigat gözelliginiň ajaýyplygy we baýlygy barada takyk häsiýetlendirmeler bolar.

Maslahatdaky çykyşlarda Köýtendagyň täsinlikleriniň ýer togalagynyň dürli ýerlerindäki täsinliklerinden pes gelmeýändikleri barada aýdylyp geçildi. Dinozawrlaryň şeýle aýak yzlary Kanadanyň, ABŞ-yň , Koreýa respublikasynyň , başga ýurtlaryň käbir ýerlerinde bardyr. Hojapiliň daş-töweregi bu ýadygärlikleriň arasynda ýokary derejä mynasyplaryň hataryna goşulýardy.


Onuň üstesine-de Köýtendagyň täsinligi -ondaky ajaýyp tebigy ýadygärlikleriň toplumlaýyn jemlenenligindedir. Bu ýerde ýerleşýän gowaklaryň ulgamlaýyn ýerleşip, uzynlygy we baý tebigatyň aýratyn bezegligi bilen tapawutlanýar. Köýtendagyň ýalaňaç dag gerişleri Ýer togalagynda ýeke-täk şu toprakda duş gelýän ýeridir.

Dar kanýonyň içine uly gürrüldi bilen aşak inýän Umbar şaglawuguna, Daraý-dere jülgesiniň beýik gerişlerine ýa-da Ketdeköliň aýna ýaly tekiz ýüzüne , Gap-Gotan ýerasty gowagyna seredeniňde, bu ajaýyp mekana şeýle ajaýyp tebigatyň peşgeş berilenine haýran galyp pikire batýarsyň. Indi bu barada ylmy forumyň gatnaşyjylary we myhmanlary bolan Ýer togalagynyň alymlary bilýärler. Olar esasy möhüm işi- Köýtendagyň täsinliklerini dünýä ýaýmak we düşündirmek işini netijeli ýerine ýetirdiler.

Kyrkgyz gowagynda rowaýata görä arassa ýürekden edilen arzuw hasyl bolýarmyş. Arzuw edip ýokaryk reňkli ýüpjagazy zyňanyňda, ol hem ýokarda beýleki müňlerçe ýüpleriň arasynda ýapyşyp galsa, onda arzuw eden zadyň hökman hasyl bolarmyş diýlip ynanylýar. Ylmy ekspedisiýa gatnaşyjylaryň näme arzuw edendiklerini bilmedim, ýöne men halkara syýahatçylygyň we ylmy barlaglaryň merkezi hökmünde Köýtendag ýaly ajaýyp ýeri görüp we bu syýahatçylyk merkezine ýene-de gelip görmegi arzuw etdim. Bu arzuwyň hasyl boljagyna güwä geçýän ençeme dellileriň barlygy meniň ynamymy has hem berkidýär. Gowagyň rowaýatyna esaslanýan jadylaýjy güýjünden ileri, forumyň ýardamy bilen Köýtendagyň täsinliklerine dünýaniň alymlarynda dörän gyzyklanma hem-de ýurdumyzda Köýtendagyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmeklik ugrunda ýurdumyzda berilýän üns bu arzuwyň durmuşa geçiriljekdigine güwä geçýär.


Ylmy ekspedisiýa we forum öz işini tamamlady. Köýtendagyň baky dag gerişleri, onuň täsin gözellikleri geljek myhmanlara öz syrlaryny açmaga hemişe taýýar.