Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylyp, ýapon dokumental we çeper filmleri görkezilip başlandy. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çäräniň açylyş dabarasyna diplomatik korpusyň, halkara guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, şäheriň jemgyýetçiliginiň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Misuru Horiguçi kinogörkezilişiň öňüsyrasynda çykyş edip, ýapon kinofilmleriniň şu gezekki görkezilişi – medeni diplomatiýada kino sungatynyň giň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ilçihana tarapyndan geçirilýän ilkinji çäre Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Diplomat festiwalyň aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary üçin Ýaponiýa bilen tanyşmak babatda ýene-de bir oňat mümkinçilik boljakdygyna we iki dostlukly ýurduň halklarynyň arasyndaky gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Şu gün tomaşaçylara “Ekler. Süýji ýol bellikleri” diýen film hödürlenildi. Onuň awtorlary filmiň dowamynda özüniň ýeňil bolmadyk çagalygy baradaky ýatlamalaryna gaýdyp gelýän filmiň gahrymanynyň ýalňyzlyk duýgusyny psihologik taýdan örän inçelik bilen suratlandyrmagy başarypdyr. Ertir şol kinozalda iki sany film görkeziler. Olaryň birinde – “Kwartet” diýen filmde hakyky sungatyň ene-atalaryň dargamak derejesine ýeten şahsy gatnaşyklaryny gaýtadan dikeltmäge kömek edýändigi barada gürrüň berilýär. Olar bilelikde aýdym—saz bilen meşgullanyp, öz aralarynda gatnaşyklaryny sazlaýarlar. Munuň özi maşgalanyň dargamagynyň öňüni almaga ýardam edýär. “Haru bilen syýahat” atly kinofilmde dürli nesilleriň wekilleriniň özara gatnaşyklarynda ýüze çykýan meseleler barada gürrüň berilýär.
3-nji iýunda ýene-de üç sany kinofilm görkeziler. “Siz biziň yşyklarymyzy görüp bilersiňiz” diýen filmde 2011-nji ýylyň mart aýynda bolan tebigy heläkçilikden ejir çeken ýapon etraplarynyň biriniň ýaşaýjylarynyň kynçylyklara garamazdan, däbe öwrülen tomusky festiwaly geçirmegi, şeýlelikde betbagtçylyk bilen baglanyşykly kynçylyklary ýeňip geçmek üçin özleriniň we daş-töwerekdäkileriň ruhuny galdyrmagy ýüregine düwýärler. Balykçy barada gürrüň berýän “Harabalyklardan ýüzüşe” atly film hem şu mowzuga bagyşlanandyr. Ýer titremesinden soň şol balykçy özüniň durmuşyny we adaty işini ýola goýmaga çalyşýar. “Fukusimaly gyz” atly çeper film atom elektrik stansiýasynda weýrançylyga getiren tebigy batbagtçylygyň ýetiren zyýanyny aradan aýyrmaga we ejir çeken etraby gaýtadan dikeltmäge bagyşlanýar.
Kinogörkezilişi guraýjylaryň aýtmagyna görä, seçilip alnan filmler türkmen tomaşaçylaryna häzirki zaman ýapon jemgyýetiniň durmuşynyň dürli taraplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.