Aman Agajykow kompozitorlaryň birnäçesine ýeter ýaly saz eserlerini döretdi diýip, onuň kärdeşleri aýdýarlar. Şu ýyl özüniň 75 ýaşyny bellän ussat – 750-den gowrak aýdymlary we romanslary, operalary döredendir. Mundan hem başga ol köp sanly simfoniki eserleri, çeper we dokumental kinofilmlere sazlary, horeografiýalary, üç sany operany, üç sany sazly komediýany, poemalary, kantatalary, oratorileri we beýlekileri döredijidir.
- Aman Agajykowiç, siz ýaşlykdan meşhurlyga eýe bolduňyz. Siziň diplom işiňiz bolan „Sona “ operasyny siziň döredijiligiňiziň başlangyç nokady diýip hasap edip bolarmy?
- Bu beýle däl. Şol döwre çenli men iki sany sýuitany, fortepýano üçin iki sany wariasiýany ýazypdym. Gara Seýitliýew, Ata Atajanow, Annaberdi Agabaýew, Kerim Gurbannepesow, Täşli Gurbanow, Gurbannazar Ezizow ýaly ajaýyp şahyrlar bilen meniň hut özümiň tanyşlygym bardy. Bu şahyrlaryň goşgularynyň köpüsine men sazlary ýazdym, olar aýdymlardyr we romanslardyr.
Opera žanry kompozitor üçin döredijiligiň ýokary derjesidir. „Sona“ operasynyň meniň ilkinji operamdygy, onuň hem şowly çykandygy üçin men özümi – Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň talyby, örän bagtly saýýardym.
- Adaty sorag: Siz saz älemine nähili aralaşdyňyz?
- Geňräk hem bolsa, meni saz älemine aklyňa sygmajak ýagdaý getirdi. Çagalykda men agyr keselledim, keselden ýaňa men özümi örän gowşak duýdum. Meniň bu ýagdaýymdan gorkup, goňşularymyzyň biri meniň enem-atama keseli halk tebipçiligi usuly – bagşynyň sazy bilen bejermegi maslahat beripdir. Meniň ejem-kakam meniň horlanýandygymy görüp, meniň sagalyp gitmegim üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanypdyrlar. Öýe çagyrylan bagşy meniň başujumda uzak wagtlap aýdym aýdypdyr. Dogrudan hem, sazyň, aýdymyň täsiri netijesinde men sagalyp ugrapdyryn. Ýöne bu ýerde ýene-de bir täsinlik ýüze çykdy – keseliň ornuny saza bolan hyjuw-höwes eýeledi.
- Elbetde, Siziň ilkinji saz guralyňyz dutar bolandyr!
- Gürrüňsiz. Men onda meşhur halk aýdymlarynyň sazlaryny saýlap aldym, özüm düzmäge synanyşdym. Ýöne, maňa ussat halypanyň-mugallymyň ýetmezçilik edýändigini duýdum. Biziň maşgalamyzda, dogan-garyndaşlarymyzda, hat-da meniň töweregimdäkilerde hem saz bilen meşgullanýan ýokdy. Men saz çalmagy öwredýärler diýip eşiden ýerime – Daýhanlar öýüne ýüz tutdum. Men Grigoriý Markowiç Arakelýanyň ýolbaşçylyk edýän halk saz gurallary toparynyň türgenleşik geçirýän wagtyna gabat geldim. Meni bu ýerde ýaşlygyma garamazdan açyk göwünlilik bilen garşy aldylar.
Birnäçe ýyldan soň men ilkinji sapar Çagalar sazçylyk mekdebiniň işiginden bardym. Şol wagtlar weýrançylykly ýer titremesinden soň Aşgabat ýaňy gaýtadan dikeldilp başlapdy. Mekdep hem Krasnowodskiden (Türkmenbaşydan) Aşgabada gaýdyp geldi. Şol wagtlar meniň eýýäm 13 ýaşym dolupdy. Beýleki okuwa giren 6-7 ýaşly oglan-gyzlara garanyňda men ekabyr görünýärdim. Men duratry çalanymda kabul ediş toparynyň agzalarynda gowy täsirler döredendigimi duýdum. Meni dutarçylar toparyna kabul etmän, wiolonçel toparyna kabul etdiler.
Şeýle-de bolsa, men öz diýen akymyma düşmek we geçirilen wagtyň öwezini dolmak bilen, saz sowatlylygynyň başlangyçlaryny öwrenmäge topuldym. Ýedi ýyllyk okuwy üç ýylda tamamladym. Soňra bolsa sazçylyk hünärment mekdebine okuwa girdim. Okuw döwründe men mugallymlara we bir ýylda okaýan talyp ýoldaşlaryma öz döreden uly bolmadyk eserimi berdim. Şonuň netijesinde hem meni bu hünärment mekdebinden Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň kompozisiýa topary boýunça okuwa iberdiler.
- Siz Nury Halmämmedow bilen bile okadyňyzmy. Siziň halypaňyz kim bolupdy?
- Okuwyň üçünji ýylynda maňa Nury Halmämmedow bilen bile bir mugallymyň – Anatoliý Nikolaýewiç Aleksandrowyň elinde okamak bagty miýesser edipdi. Ýogsa-da, professor Aleksandrow meşhur kompozitor Sergeý Taneýewiň okuwçysy bolupdyr. Sergeý Taneýew hem öz gezeginde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň okuwçysy bolurdyr. Ynha indi (bu ýerde Aman Agajykow gözlerini süzüp, ýeserlik bilen ýylgyryp) biz Nury Halmämmedow bilen Çaýkowskiniň hut özüniň okuwçylarynyň üçünji arkasy bolup durýarys!
Professor Aleksandrow ýaşuly adamdy. Şonuň üçin hem sapaklary öz öýlerinde uly höwes bilen geçirerdi. Daşyndan gelip okaýan talyplar üçin bu ýerde ýaşamagyň kyndygyna düşünmek bilen ol bizi nahar edinmäge çagyrmagy hem gözden salmazdy. „ Ýüzlerçe adam kompozitor bolmagy öwrenýär, ýöne olaryň iki-ýekesi kompozitor bolýarlar“ diýen sözler onuň söýgüli jümlesidi.
- Häzir Siz nämäniň üstünde işleýärsiňiz?
- Nurmuhammet Andalybyň eseri esasynda „Ýüsüp we Züleýha“ operasynyň üstünde işleýärin. Edermen Züleýha özüniň dogumlylygy, ugur tapyjylygy bilen ähly päsgelçilikleri ýeňip geçip, Ýusubyň gelni bolýar.Gündogar halklaryna mahsus bolan zenanyň mylaýym keşbini sazyň üsti bilen bermek – meniň üçin adatdan daşary gyzykly wezipe bolup durýar.