Ï „Täsin mukamlar“ dokumental filmi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Täsin mukamlar“ dokumental filmi

view-icon 807
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režissýor Şihmyrat Annamyradow „Türkmeniň milli aýdym-saz sungaty“ ady bilen tapgyrlaýyn dokumental filmleri taýýarlamaklygy dowam edýär. Nobatdaky dokumental film- bu tapgyrlaýyn filmleriň üçünjisidir. Bu filmde türkmenleriň belli saz gurallary bolan dutaryň, gyjagyň, gopuzyň , gargy we dilli tüýdügiň gelip çykyşy barada gürrüň berilýär. Bu filmde türkmeniň milli saz medeniýetinde gurallaryň tutýan wajyp orny baradaky gürrüň bilen bilelikde, saz gurallary döreden ussatlar barada hem gürrüň berilýär.


2008-nji ýylda tomaşaçylara hödürlenen we saz baradaky tapgyrlaýyn filmleriň başyny başlan „Gökdepe mukamy“ filminde, Gökdepe etrabynyň tanymal bagşylaryň döredijiligi barada gürrüň berilýär. „Bagşy sen“ atly ikinji film bolsa ýurdumyzyň dürli sebitleriniň türkmen milli saz – sungatynyň görnükli wekilleri barada tomaşaçylara giňişleýin gürrüň berýär.

„Zenan bagşylar“ filmi , sany boýunça dördünji bolup, ol halk aýdymlaryny we sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýän zenan bagşylar barada bolar. Bu filme tomaşaçylar indiki ýyl tomaşa edip bilerler.

Dokumental filmleriň ýygyndysynyň maksady türkmen halkynyň medeniýetini giň köpçülige şöhlelendirmekden ybaratdyr.