Ï Türkmen ylmynyň ýaş zehinleriniň hormatyna dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ylmynyň ýaş zehinleriniň hormatyna dabaralar

view-icon 1273
Şu gün şanly sene bolan Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň ylmy işleriniň däp bolan bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamagyň dabarasy boldy.

Ylmy işleriň her ýylda geçirilýän döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň ylmynyň dürli ulgamlarynda ýaş zehinleri ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän aň-bilim bäsleşiginiň esasy maksady türkmen ylmyny ösdürmekden, zehinli ýaşlary -- alymlaryň ýaş neslini ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik baradaky Düzgünnama laýyklykda, oňa ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ýaş işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ylmy iş bilen meşgullanýan raýatlary gatnaşýarlar.

Bu ylmy bäsleşige gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygy guwançlydyr. Mysal üçin, eger geçen ýylda olar 490 bolan bolsa, şu ýyl bäsleşýänleriň sany 623-e ýetdi. Ýaş zehinler dürli ugurlar boýunça, şol sanda, obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar, ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, energetika, ýangyç we olary tygşytlamak, himiýa tehnologiýasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini döretmek, gurluşyk, binagärlik we seýsmologiýa, lukmançylyk hem-de dermanlyk serişdeleri öndürmek, maglumat beriş hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalary, şeýle hem ykdysady we gumanitar ylymlar boýunça öz ylmy barlaglaryny hödürlediler.

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürdi, binanyň eýwanynda aýdym-sazlar ýaňlandy. Ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň görnükli alymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, doktorantlar, aspirantlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar ýygnandylar.

Ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny bu ýere ýygnananlar uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Milletiň Lideri ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, häzirki wagtda ylmy taýdan esaslandyrylan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine ýetendigini hem-de dünýäniň has çalt ösýän ýurtlarynyň biri hökmünde ykrar edilendigini nygtady.

“Ýaşlarymyz halkymyzyň ykbalynyň ylym we bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ylmyň we bilimiň ynsana berlen gymmatlyklaryň iň beýigidigini hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadydygyny hiç wagt unutmaly däldirler. Çünki Gün bolmasa nur, kök bolmasa daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz. Ylym egsilmez hazynadyr. Ýaşlarymyz bu sözleri özlerine we ertirine bolan beýik ynamy döredýän şygar edinmelidirler. Beýik ynamyň bar ýerinde bolsa, hiç bir işde kynçylyk bolmaýar. Şonuň üçin hem, ýaşlarymyz beýik ynama, kompýuterleşdirilen bilimlere, ösen ylymlara daýanyp, batyrgaý öňe gitmelidirler” diýip, döwlet Baştutany belledi.

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerine döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat diplomlaryny we gymmatly sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.

Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna ähli gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine milletiň Liderini ynandyrdylar.

Dabarada çykyş edenleriň hemmesi ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetini nygtadylar, şol özgertmeler öz zehinlerini we ukyplaryny durmuşa geçirmek üçin ýaşlaryň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Täze taryhy eýýamda ylma ýaş zehinleriň, ýagny ýokary hünärli hünärmenleriň, öz zehinleri we halal zähmeti bilen mähriban Watanymyzyň ylmy mümkinçiliklerini, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga ukyply gujurly ýaşlaryň barha köp gelýändigi aýratyn göwnüňi göterýär. Türkmen döwleti ylmy ösdürmek üçin ähli şertleri döredýär, ýaşlaryň ylmy işe ymtylmaklaryny giňden höweslendirýär, Watanymyzyň we dünýäniň ylmynyň gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar, bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, dünýäniň abraýly ylmy-barlag merkezleri we okuw mekdepleri bilen ylmy hyzmatdaşlyk giňelýär.

Bu dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etmek bilen tamamlandy, onda ýaşlaryň milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallygy öz beýanyny tapdy. Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşy boldy. Olar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.