Aşgabatda halkara ylmy-maslahat işini tamamlady
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we howandarlygynda geçirilen “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisi we ylmy maslahat öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan halkara sergisi däp boýunça biziň ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanyldy hem-de türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda bolup geçýän ylym-bilim reformalarynyň, oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydyr.
Häzirki zaman ylmynyň gazanan üstünliklerine, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşyna bagyşlanylan halkara ylmy maslahatyna hem-de sergisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewür we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Sergi merkezinde daşary ýurtlaryň ylmy-barlag institutlary hem-de meşhur kompaniýalary nanotehnologiýalar, kompýuter, multimediýa we maglumatlar tehnologiýalary hem-de telearagatnaşyk, dürli häzirki zaman enjamlaryny öndürmek we ibermek babatda öz gazanan üstünliklerini, tekliplerini hem-de nou-haularyny görkezdiler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary, ýurdumyzyň pudaklaýyn ylmy guramalary, ylmy önümçilik we ylmy tehniki merkezleri, taslama guramalary, dürli ministrlikleri we pudak edaralary, ýokary okuw mekdepleri hem sergide öz önümlerini görkezdiler. Uly möçberli sergä üç günüň dowamynda aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi baryp gördüler, olar serginiň köp pudaklaýyn häsiýeti netijesinde ylym we tehnika, bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, innowasion işläp taýýarlamalar babatda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary serginiň işiniň esasy netijesi boldy, şol duşuşyklaryň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlar we hyzmatdaşlygyň ugurlary anyklaşdyryldy.
Forumyň çäklerinde geçirilen halkara ylmy maslahat muňa köp babatda ýardam etdi, oňa dünýäniň ähli künjeklerinden ylmy-barlag edaralaryndan, institutlaryndan, halkara guramalaryndan, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Awstriýadan, Awstraliýadan, Kanadadan, Ýaponiýadan, Ispaniýadan, Indoneziýadan, Hindistandan, Alžirden, Pakistandan, Müsürden, Marokkodan, Türkiýeden, Eýrandan, Bolgariýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gruziýadan, Litwadan, Latwiýadan we beýleki ýurtlardan gelen alymlar hem-de hünärmenler ýygnandylar.
Maslahata dünýäniň dürli ylmy mekdeplerinden wekilleriň gatnaşmagy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň hödürlän taslamalarynda we barlaglarynda möhüm meseleleriň özboluşly, täzeçil çözgütleriniň bolmagyny kesgitledi. Teklip edilen işläp taýýarlamalaryň köpüsi biziň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş ýüzünde ulanylyp bilner, daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesi bolsa türkmen alymlarynyň özleriniň ylmy gözleglerini geçiren mahaly peýdalanylyp bilner. Ylmy maslahatyň sekiz bölüminiň işiniň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, himiýa senagatynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň, halkara hyzmatdaşlygynyň we hukugynyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýry-aýry bölümler ekologiýa we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ornuna, ykdysadyýete we hukuga, lukmançylykda, derman senagatynda täze tehnologiýalara, gumanitar ylymlarynda gazanylan üstünliklere we wezipelere bagyşlandy. Maslahatyň barşynda hünärmenler maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny hem-de bilimde innowasion usullary ulanmagyň dürli taraplaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatda garalyp geçilen meseleleriň mowzugy örän köp dürlüdir. Hödürlenen taslamalaryň käbiri ulanmak babatda çäkli ylmy ugra degişlidir. Beýlekileriň bolsa ulanmak mümkinçilikleri has giňdir. Ýöne olaryň hemmesini bir zat birleşdirýär, ýagny, hödürlenilýän barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň, ususllaryň hem-de tehnologiýalaryň iş ýüzünde ulanmak häsiýeti bardyr hem-de halk hojalygyny innowasion taýdan toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilendir.
Ylmy maslahatyň jemleýji mejlisinde bölümleriň işiniň netijeleri kesgitlenildi, olara gatnaşyjylara diplomalar hem-de güwanamalar gowşuryldy.
“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.
Halkara sergisine we maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna çäksiz hoşallyk bildirip, dünýä ylmyny ösdürmegiň, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmegiň bähbidine ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdylar.