Ï Halkara Internet-olimpiadasynda gazanylan üstünlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Internet-olimpiadasynda gazanylan üstünlik

view-icon 1026
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş fakultetiniň talyplary Ymamberdi Öweznyýazow (2-nji ýyl) we Pirguly Pirgulyýew (3-nji ýyl) Açyk halkara talyplar Internet olimpiýadasy-2012-ň jemleýji tapgyry boýunça bürünç medalynyň eýesi bolmagy başardylar. Biziň ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň talyplary halkara intellektual Internet bäsleşiginde çykyş etmek üçin „olimpiýa“ hünärleriniň sanawyndan dördüsini – fizikany, himiýany, ekologiýany we informatikany saýlap aldylar.


Ýeňijileriň ikisiniň hem talyp durmuşlarynyň ilkinji günlerinden başlap, ylym bilen, hususan-da, Türkmenistanyň mineral suwlarynyň we kesel bejeriş palçyklarynyň aýratynlyklary bilen çynlakaý meşgullanyp başlamaklary görelde alarlykly ýagdaýdyr. Geljekki lukmanlar döwlet derejesinde himiýa we biologiýa boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilen predmet olimpiadasynyň ýeňijisi bolmagy başarylar.

2008-nji ýyldan bäri halkara talyplar internet-olimpiadasy Russiýanyň Milli bilim ulgamyny we bilimiň hili boýunça monitoring ylmy-barlag institutyny innowasiýa ulgamynda goldamak baradaky Milli gaznasynyň goldamygynda geçirilýär. Şu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyryna umumylykda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Ukrainanayň 230-dan gowrak ýokary okuw mekdeplerinden 3200-den gowrak talyp gatnaşdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri eýýäm dürli ugurlar boýunça geçirilen şular ýaly „gaýybana“ kompýuter bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeýlemegi başardylar.