Ï Türkmen-fransuz medeni gatnaşyklary ösdürip
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-fransuz medeni gatnaşyklary ösdürip

view-icon 1114
Şu gün paýtagtymyzda fransuz filmleriniň görkezilişini guramak bilen baglylykda dabaraly çäre geçirildi. Munuň özi Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky medeni çäre boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Fransuýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy we onuň ýanyndaky Fransuz medeni merkezi tarapyndan guralan fransuz kinematografiýaçylarynyň işleriniň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilleri, medeniýet, Oguzhan adyndaky “Türkmenifilm” birleşiginiň işgärleri, şäheriň jemgyýetçiligi, talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Pýer Lebowiç özüniň gutlag sözünde Aşgabatda şu çäräniň geçirilmegi Türkmenistan bilen fransiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary, şol sanda medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge nobatdaky goşant bolar diýip belledi.

Dabaranyň çäklerinde jemi alty sany film görkeziler, olaryň üçüsi 3D formatdaky filmlerdir. Şol filmleriň arasynda çagalar üçin multfilm, gowaklardaky gadymy suratlary öwrenmek baradaky dokumental film, komediýa, melodrama, meşhur fransuz muşketýorlary baradaky başdan geçirmeler filmi bar. “Aşgabat” kinoteatrynyň zallarynda geçirilýän filmleriň görkezilişi 17-nji iýuna çenli dowam eder.