Ï Türkmenistan-ABŞ: maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ABŞ: maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 1330
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet dolandyryş ulgamynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) tarapyndan “Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde guralan “Elektron resminama dolanyşyk ulgamynda halkara tejribesi” atly tanyşdyrylyş dabarasyna Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Maliýe ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenleri: Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň direktory doktor Arwo Otta, Sankt-Peterburgyň maglumatlar tehnologiýalary, mehanika we optika döwlet uniwersitetiniň ýanyndaky Elektron dolandyryş merkeziniň direktorynyň orunbasary Dmitriý Trudnew we ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugynyň Waşington şäherindäki QED Group, LLC taslamasynyň ýolbaşçysy Maýkl Howerter gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda resminamalaryň elektron dolanyşygyna geçmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamda öňde goýan möhüm wezipeleriniň biridir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy kärhanalary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder, dolandyryşyň ähli tapgyrlarynda çalt gözegçiligi ýola goýmaga, resminamalaryň geçişiniň tapgyrlaryny we esasy işleri ýerine ýetirmegiň, çözgütleri kabul etmek üçin zerur bolan maglumatlary çalt gözlemegiň wagtyny kemeltmäge mümkinçilik berer.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek jähedinden elektron resminama dolanyşyk ulgamyny döretmegiň, netijeli pudagara gatnaşyklar üçin häzirki zaman maglumatlar serişdelerini ornaşdyrmagyň esasy ýörelgeleri bilen tanyşdylar.

Daşary ýurtly bilermenler we türkmen hünärmenleri Estoniýada, Russiýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda elektron dolanyşygynyň ýola goýlan tejribesini, bu ulgamlary döretmegiň halkara hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iş tejribesini alşylmagyny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdylar.