Şu gün türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan nobatdaky medeni çäreleriň çäklerinde Türkmenbaşy şäheriniň kinokonsert zallarynda hindi filmleriniň görkezilişi başlandy. Bu çäre Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistan Respublikasynyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Kino görkezilişiniň açylyş dabarasyna şäher häkimliginiň, medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sunil Jaýna iki dostlukly halklaryň özara medeni gatnaşyklarynda kino sungatynyň möhüm orun eýeleýändigini, şol gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Hindistanyň köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendigini belledi we häzirki geçirilýän çäräniň türkmen-hindi gumanitar gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Deňizýaka Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna üç günüň dowamynda belli hindi kinoçylarynyň birnäçe çeper filmleri görkeziler.