Köp asyrlardan bäri meşhur halk saz gurallary bu günki gün täze owazlar bilen täze keşbe eýe bolýar. Ynha adaty gyjak hem „döwrebaplaşdyrylyp“ hem-de täze keşbe eýe bolup, täze meşhurlyga eýe bolýar.
Rowaýatlara görä, gyjagy gadymýetiň filosofy bolan Al Farabi döredipdir. Bu saz guralynyň şar görnüşli bölegi kädiden ýa-da birnäçe agaç bölekleri ýelmenip ýasalypdyr. Gyjagyň kädisiniň öň ýüzüne ýukajyk gaýyş çekilýär we onuň 3 ýa-da dört sany ýüpek kirşi bolýar. Bu milli saz guralynyň eýýäm kämilleşdirilen görnüşleri bolupdyr. Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda A.I.Petrosýan we S.ÝE.Didenko kämilleşdirilen gyjagy we onuň dürli görnüşlerini (alt, bas, kontrobas) halk sazlaryna ornaşdyrypdyrlar.
Bu saz guralynda wagtyň talap eden ähli mämkinçilikleri saklanyp galypdyr. Häzirki zaman gyjagy dörediji – sazandar we dirižýor Amannepes Amannepesow heniz konserwatoriýada okap ýörkä gyjak ýasamak üçin dürli baglary synap görüpdir. Kynçylyklar we ýalňyşlyk bilen geçilen ýollar ahyry oňaýly ýagdaýyň döremegine getirdi. Kämilleşdirilen gyjak iki bölekden ybaratdyr: ýokarky bölegi ýolkadan ýasaldy, aşaky bölegi bolsa tut agajyndan ýasaldy, onuň uzyn sapy bolsa erik agajyndan ýasaldy. Amannepes gyjagyň bäş kirişli görnüşini makul bildi.
Saz guraly täze keşbe eýe boldy. Ol has berk boldy hem-de soloda, beýleki saz gurallary bilen ýa-da uly orkestrde çykyş edeniňde hem gyradeň ses almaga mümkinçilik boldy. Häzirki zaman gyjagyň saz diapazony dört ýarym oktawa çenli artdy, özboluşly tembr emele geldi.
Annanepese saz äleminde üstünlik getirmäge kömek eden ýaşlar döredijilik bäsleşigi yzda galdy. Geçen ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň jaýynda döredijilik ulgamynyň dürli ugurlary boýunça has tapawutlanan ýaş adamlary sylaglamak dabarasy boldy. Amannepes öz oýlap tapanyny ykrar edýän gymmat bahaly sowgada - Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Şahadatnamasyna mynasyp boldy.
Kämilleşdirilen gyjak dessine ulanylyp başlandy. Indi onuň owazyny Amannepesiň ýolbaşçylyk edýän halk saz gurallary orkestrinde eşitmek bolýar. Milli konserwatoriýanyň birleşdirilen orkestrinde gyjagyň adaty däl owazyny eşitmek bolýar. Lebap welaýatynyň sazçylyk mekdebiniň okuwçylary eýýäm täze gyjagy çalmagy öwrenýärler. Türkmenistanyň dürli sebitleriniň saz mugallymlarynyň saz gurallarynyň arasynda bu täze gyjak hem bar, bu saz guraly bilen Gündogaryň we Orta Aziýanyň birnäçe ýurtlarynyň sazandarlary gyzyklanýarlar. Häzirlikçe onuň nusgalarynyň onlarçasy bolmasa-da, ol häzir taýýarlanyp ýör, diňe elde ýasalýan ajaýyp ýaňlanýan kirişli saz gurallarynyň öňünde ajaýyp geljekler açylýar hem-de garaşýar.