Ï Türkmen-türk medeniýet köprüleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-türk medeniýet köprüleri

view-icon 946
Türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär. Şol günleriň baý maksatnamasyna Aşgabadyň medeni we taryhy ajaýyp ýerleriniň birnäçesine baryp görmek, şeýle hem modalary görkezmek we türk aşhanasynyň milli tagamlary bilen tanyşdyrmak, dostlukly ýurduň kinematografiýaçylary tarapyndan surata düşürilen iň oňat filmleri görkezmek goşuldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Türkmenistandaky häzirki Medeniýet günleri Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Abdulla Gülüň duşuşyklary mahaly gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär we iki doganlyk halklaryň netijeli hyzmatdaşlygy, hususan-da, medeni-gumanitar ulgamda gatnaşyklary has-da giňeltmäge bolan isleginiň subutnamasy bolup durýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda medeni we ylmy alyş-çalyşlar ep-esli işjeňleşdi, türkmen we türk halklarynyň sungaty, sazy we filosofiki-edebi mirasy bilen tanyşdyrýan sergiler hem-de gastrollar, halkara maslahatlary guralýar. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri soňky bäş ýylda iki gezek geçirildi. Ankarada şu ýylyň başynda dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan” seýilgähiniň we beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy iki doganlyk halklaryň bozulmaz dostlugynyň aýdyň mysaly boldy.

Şu günüň maksatnamasy modaly milli egin-eşikleri görkezmek hem-de türk tagamlary bilen tanyşdyrmak çäreleri bilen açyldy, şol çäreler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde boldy. Iň oňat türk modelýerleri, Moda we bezeg institutynyň ýolbaşçysy hem-de hünärmenleri Aşgabatda öz kolleksiýalaryny hödürlediler, şolarda modanyň häzirki zaman meýilleriniň we milli lybasyň ähli baýlygynyň sazlaşykly utgaşmagy öz beýanyny tapdy. Däp bolan aýdyň öwüşgünleriň we stiliň nepis duýgusynyň bu özboluşly utgaşmasy köp sanly tomaşaçylara hödürlenilen modaly kolleksiýalara aýratyn hem-de gaýtalanmajak öwüşgün berdi. Şunda bu görkezilişi guraýjylar we tomaşaçylar hödürlenen lybaslaryň köp parçalarynyň türkmen milli lybaslary bilen utgaşýandygy baradaky pikire geldiler, munuň özi hem iki halkyň köp asyrlyk umumylygyna we baý medeni gatnaşyklaryna şaýatlyk edýär.

Milli türk aşhanasynyň tanyşdyrylmagy hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Dostlukly ýurduň medeni çäresiniň ikinji gününiň maksatnamasynda paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Türk kinosynyň günleriniň açylmagy bar. bu çäräni guraýjylar gyzykly kinolaryň türkmen tomaşaçylarynyň ünsüni çekjekdigine we suratlandyrylan adam ykballarynyň üsti bilen türk halkynyň hyjuwlaryny we oý-pikirlerini olara ýetirjekdigine ynam bildirdiler. Bu medeni çäräniň açylyş dabarasy döredijilik işgärleriniň wekilleri, geljekki sungat ussatlary bolan talyplary, köp sanly aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny – kino sungatyny söýüjileri ýygnady.

Türkiýäniň döredijilik işgärleriniň wekilleriniň türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine, şol sanda “Ylham” seýilgähine baryp görmegi şu günüň maksatnamasyny jemledi, şol seýilgäh bu ýerde oturdylan ajaýyp suw çüwdürimleri, sungat işgärleriniň, öz döredijiligi bilen milli medeni-ruhy mirasyň genji - hazynasyna ägirt uly goşant goşan, türkmen halkyna şöhrat getiren dürli eýýamlaryň beýik akyldarlarynyň heýkelleri bilen meşhurdyr.

Ertir Türkiýäniň Medeniýet günleriniň çäklerinde “Türkmenistan”, “Watan” kinokonsert merkezlerinde türk filmleriniň görkezilişi dowam eder. Myhmanlaryň döredijilk wekiliýeti Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görer, şol ýerde biziň halkymyzyň baý medeni mirasynda milli halyçylyk sungatymyzyň köpasyrlyk taryhy bilen tanşarlar.

Jemleýji konsert we Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy dostlukly ýurduň Aşgabatdaky medeni çäresiniň jemini jemlär, şol çäreler Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde bolar.