Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2007-nji ýylda açylan monumental suratkeşlik bölüminiň ilkinji uçurymlary durmuşa ýollanma aldylar. Olardan iň „uly“diplom işini, öz edinen hünärine laýyklykda uçurym Bahar Şadurdyýewanyň işi diýlip bellenildi. Ölçegleri 6,3m х 3,5m bolan paýtagtyň suw sport toplumynyň interýerini bezeýän monumental panno onuň döreden eseridir.
Garaşsyzlyk şaýolunyň we Oguzhan köçesiniň çatrygynda ýerleşýän suw sport toplumy döredijilik ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Bu bina özüniň ululygy we belentligi bilen tapawutlanyp, edil monumental suratkeşlik üçin döredilen ýaly bolup dur. Şeýle hem ol Baharyň gyzyklanma bildirýän deňiz giňişligine, deňizdir derýalara, şaglawuklara, otlaryň ýüzündäki säher damjalaryna, şäher suw çüwdürimlerine gabat gelýär.
Eseriň özi edil reňkli mozaika ýaly umumy suraty emele getirýän dürli öwüşginli akril reňkleriniň uçursyz köp sanly nokatlaryndan döredilendir. Bahar „Ýüzüjiler“ diýen ady alan bu monumental pannonyň üstünde bäş aýlap hyjuwly zähmet çekdi. Onuň esasy edip bolsa, suw temasyna bagyşlanyp oňünden döredilen eskizleriň onlarçasyndan iň gowusyny saýlap aldy.
Bu ýokary okuw mekdebiniň synag topary tarapyndan „örän oňat“ diýen baha mynasyp bolan Baharyň diplom işini goramaklyk yzda galdy. Suratkeşiň indiki täze döredijilik maksady – Hazar deňziniň örän uly giňişliklerine bagyşlap, ölçegleri boýunça iki esse uly bolan surat polotnosyny döretmek bolup durýär.
Monumental suratkeşligi bölüminiň ilkinji uçurymlarynyň 5 ýyl okuwlary yzda galdy. Öňde bolsa – döredijilikden, ylhamdan, taze başlangyçlardan we maksatlardan doly özbaşdak durmuşyň uly ýoly garaşýar.