Türkmen Döwlet gurjak teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp režissýor Ylýas Durdyýewiň goýan „Täsin ýurt“ atly oýnuň görkezilişi boldy.
Oýny goýanlar bu günki gün türkmen we daşary ýurtly alymlaryň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň örän uly gyzyklanma bildirýän Köýtendagyň tebigy baýlyklary we syrlary barada derwaýys temany gozgaýarlar.
... Tomaşa zalynda yşyklar öçürilýär, perde galdyrylýar, saz ýaňlanýar hem-de eýýäm oýnuň başlamagynyň ilkinji minutlary bizi örän gadymy eýýäme äkidýär.Çägeli düzlükde, äpet daş bölekleriniň we örän uly paporotnik ösümlikleriniň arasynda üç sany dinozawr iýmit we suw gözläp gezip ýör. Gündizler we gijeler barha gyzýar. Rehimsiz tebigat aç we suwsuz dinozawrlary ysgyndan gaçyryp, olary huşundan gidirýärdi.
Howsalaly we hysyrdyly ýagdaýda içinden dinozawryň çagasy çykýan ýumurtga tapylýar. Onuň peýda bolmagy bilen halas bolmaga, durmuşy dowam etdirmäge ynam döreýär. Özleriniň mundan beýläkki ykbalyny güýçli we hyjuwly çagasyna ynanyp, olar oňa ýol görkezmegi haýyş edip, onuň yzy bilen näbelli we täze durmuşa tarap okdurylýarlar.
Oýun çagalar we uly ýaşlylar üçin niýetlenendir. Onda gurjaklar oýnaman, kostýum geýen aktýorlar oýnaýarlar. Gahrymanlaryň geýen lybaslarynyň gowy hilli saýlanyp alynmagy we teatryň hudožnigi Batyr Begmyradowyň çeper bezän sahnasy dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan pýesasyna aýratyn öwüşgin berýär.
Oýna tomaşa edeniňde onuň netijesiniň tomaşaça edýän täsiriniň üýtgeşikligindedir. Sahnanyň yzky tarapynda çogly güneş dogup gelýär, biri-biriniň yzyndan tirkeşip barýan uly göwrümli süýrenjiler, bu toprakda öz aýak yzlaryny goýup, ýakyp-ýandyryp barýan çogly güneşe tarap barýarlar.