Ï Türkiýäniň Türmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýäniň Türmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

view-icon 757
Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy boldy. Turkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen hem-de türk artistleriniň bilelikdäki gala-konserti dostlugyň döredijilik baýramçylygynyň aýdym-sazly jemlemesi boldy.

Giňden tutulan bu medeni çäre hakyky dostlugyň serhediniň ýokdugyny ýene bir gezek subut etdi. Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabada doganlyk ýurtdan Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdurrahman Aryjynyň ýolbaşçylygynda uly döredijilik wekilýeti geldi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen dürli çäreler aşgabatlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny dostlukly halkyň gornükli sungaty, özboluşly däpleri we dessurlary, Türkiýäniň medeniýet ulgamynda häzirki zaman üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Olar turkmenistanlylaryň uly gyzyklanmasyna eýe bolup, biziň halklarymyzyň ýakyndygyny, taryhy we ruhy köklerimiziň ýakyndygyny hem-de olary ösdürmäge islegimiziň güýçlüdigini görkezdiler.

Şeýle-de medeni forumyň giňeldilen maksatnamasyna laýyklykda milli geýimleriň we türk tagamlarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu dabara Türkmenistanyň Şekilleniriş sungaty muzeýinde düýn bolup geçdi. Bu ýerde ussat türk modelýerleri baý milli geýimleriniň häzirki zaman nusgalary bilen utgaşýan özboluşly toplumlaryny görkezdiler. Türk aşhanasynyň milli tagamlary hem gelenlerde uly täsir galdyrdy.

Medeni çäreleriň çäklerinde “Türkmenistan” hem-de “Watan” kinokonsert merkezlerinde türk filmleriniň görkezilişi boldy. Gyzykly kinowakalar köpsanly türkmen tomaşaçylaryny özüne çekdi. Türk kinofilmlerini görmäge biziň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň wekilleri, sungatyň geljekki ussatlary – talyplar we köpsanly aşgabatlylar geldiler.

Şeýle hem bu medeni forum türkiýeli myhmanlara häzirki zaman Turmenistan bilen has ýakyndan tanyşmaga, öz kärdeşleri bilen pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Myhmanlaryň döredijilik wekiliýeti paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde, şol sanda Türkmen halysynyň milli muzeýinde boldular hem-de halkymyzyň baý medeni mirasy bolan halyçylyk sungatynyň köpasyrlyk taryhy bilen tanyşdylar.

Medeniýet günleriniň dabaraly ýapylyşy şu gün Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Baýramçylyk jemleýji konsertinde türk we türkmen artistleri bilelikde çykyş etdiler. Konsertiň maksatnamasyna halk aýdym-sazlary, tansly çykyşlar, estrada aýdymlary girdi. Owadan sahna geýimleri, ýakymly aýdym-sazlar, aýratyn hem artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guraýjylar we oňa gatnaşyjylar iki döwletiň baştutanlaryna doganlyk ýurtlaryň döredijilik wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly möçberli döredijilik duşuşyklaryny geçirmäge we özara tejribe alyşmaga, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasy hem-de ýurdumyzyň medeniýetde we sungatda häzirki zaman gazananlary bilen tanyş bolmaga mümkinçilik döredilendigi üçin aýratyn hoşallyk bildirdiler.