Mollanenepes adyndaky talyplar tetrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk artisti Anna Meläýewiň ýolbaşçylygyndaky aktýorlar toparynyň gatnaşmagynda „Kämillige ýol açýan döwür“ atly oýnuň ilkinji görkezliişi boldy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ähli ýyllarynyň talyplary bu toparyň düzüminde çykyş edýärler. Bu ýaş artistler topary mundan öň dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň „Kaýin we Awel“ hem-de „Leýli we Mežnun“ spektakllaryny sahnalaşdyrdylar. Bu sapar bu toparyň döreden oýunlarynyň üstüni Bagtyýar Abaýewiň häzirkizaman temasyny hemmetaraplaýyn beýan edýän pýesasy esasynda döredilen spektakly ýetirdi.
Talyplyk döwri ýaşlaryň durmuşynda iň bir bagtly döwür bolaýr. Sahnada görkezilen oýunda bolup geçýän wakalaryň Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň durmuşynda bolup geçmegi bu oýnyň has gyzykly tarapydyr. Bu oýnyň gahrymanlary bolup oglanlar we gyzlar çykyş edýärler. Olaryň islegleri we beden taýdan örän sagdyn bolmaklary sport rekordlaryny goýmaga, abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelemäge, ýurduň sport abraýyny goramaga şert döredýär. Olar tomaşaçylary biygtyýar özlerine bendi edýärler hem-de özlerine öýkünmäge mejbur edýär. Üç sany aşyk-magşuk: Rejep we Selbi (Serdar Artykow we Oguldurdy Orazgulyýewa), Ballow we Maýa (Söhbet Täçmämmedow we Aýna Rozyýewa) we Häkim we Laçyn (Daýanç Mommadow we Nobat Hakyýewa) tomaşaçylaryň ünsüni özlerine çekýär. Gülkili keşpleriň biri hem umumy ýaşaýyş jaýynyň komendanty Hajar daýzadyr. Ol gözegçilik edýänleriniň arasynda bolup geçýän ýagdalaryň arasynda bolmaga çalşyp, gülkili ýagdaýlara hem ýygy-ýygydan duçar bolýar.
- Bu oýun talyp-türgenleriň durmuşynda – Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplary – öz diplom işi üçin hem-de geljekki dramaturg hökmünde öz pýesasy üçin ýaş sport gahrymanyny gözleýän „operator“ geçirilýän bäsleşiklerde özüne gerek bolan pursaty surata düşürmäge çalyşýar diýip, režisýor-oýun goýujy Urmatkan Meläýew gürrüň berýär.
Ýogsa-da, şuňa meňzeş ýagdaý biziň oünumyzda hem yzarlanýar. Horeograf Parahat Gurbanow üçin oýunda tans nomerlerini goýmak hem onuň diplom işi bolup durýar. Sahnada halypanyň keşbi bolsa, toslanyp tapylan zat däldir, olar hakyky halypalar – Anna Meläýew bilen Merdan Tüweleýewdir. Bu üýtgeşik ýagdaý oýna ýakymly täsirini ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk artisti Rejep Rejepow oýny saz bilen bezände köp sanly aýdymlary we tanslary ulanmagy oýna özboluşly owadan äheň berdi. Aýratyn hem oýunda aýdym-tanslaryň ulanylmagy ýaşlaryň göwnünden turýar. Bu oýnuň ilkinji sapar görkezişine gelen tomaşaçylaryň aglabasy ýaşlar, talyplar, elbetde, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr. Olar beýleki tomaşaçylara garanyňda özleriniň güýçli el çarpyşmalary bilen oýny döredijileri gutladylar.
Bu günki gün sahnada türgenleriň ilkinji sapar baş gahryman hökmünde keşp döredýändiklerini bellemelidiris. Ýöne bu tema 2017-nji ýyla tomaşaçylaryň öňünde ýene-de birnäçe sapar açylsa gerek. Sebäbi, ýapyk binalarada söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň golaýlaşmagy biziň ýurdumyzda onuň ähmiýeti barha we barha artar.