Ï Ukrain suratkeşleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ukrain suratkeşleriniň sergisi

view-icon 852
Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ukrain suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we keramikaçylarynyň sergisi açyldy. “Döwrüň çägi” adyny alan bu sergi Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilýär. Sergini Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy gurady.

Serginiň dabaraly açylyşyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Ukrainanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň we beýleki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary, şeýle hem “Mukam” skripkaçylar topary gatnaşdy.

Açylyş dabarasynyň barşynda “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde iki doganlyk halkyň dostlugyny wasp edýän türkmen hem-de ukrain kompozitorlarynyň sazlary ýaňlandy.

Sergide ukrain şekillendiriş sungatynyň meşhur ussatlary Wýaçeslaw Gutyrýadyr, Georgiý, Ýelena we Walentina Berolaryň, Gennadiý Žukowyň eserleriniň elliden gowragy görkezilýär.

Söz ussady, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeli sergide esasy orny eýeledi. Bu eseri Ukrainanyň Milli suratkeşler birleşiginiň agzasy, Ukrainada birnäçe heýkeltaraş-seýilgäh toplumlarynyň we ýadygärlikleriniň awtory Wýaçeslaw Gutyrýa döredipdir. Onuň işleri Ukrainanyň Milli muzeýinde hem görkezilýär. Wýaçeslaw 1983-nji ýyldan bäri Ukrainada, dünýäniň beýleki ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada, Kanadada, Wengriýada, Germaniýada, Ispaniýada, Türkiýede we beýleki ýurtlarda hem guralan çeperçilik sergilerine, maslahatlaryna we bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp gelýar. Türkmenistanda onuň eserleri ilkinji gezek tomaşaçylara hödürlenýär.

Suratkeşiň türkmen durmuşyna ýüzlenmegi tötänden däldir. Wýaçeslaw Gutyrýanyň ukrain we türkmen halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny hem-de urp-adatlaryny hormatlamak babatda köp umumylyklaryň bardygyny bilýär.

Georgiý, Ýelena we Walentina Berolaryň işleriniň hatarynda heýkeller, toýundan ýasalan şekiller bar. Olar pelsepewi pikire ýugrulandyr we wagt hem-de giňişlik ölçeglerinde döredijilik gözleglerini suratlandyrýar.

Ukrainanyň at gazanan suratkeşi Gennadiý Žukow diňe bir öz watanynda däl, eýsem, Russiýada, Belarusda, Polşada ybadathanalary dikeltdi we bezedi. Onuň döredijiliginde şahsy sergileriň birnäçesi bar. G.Žukowyň işleri Ukrainanyň, Russiýanyň, Çehiýanyň muzeýlerinde görkezilýär.

Meşhur ukrain suratkeşleriniň işleriniň sergisi 4-nji iýula çenli dowam eder.