Ï “Görogly” eposy täzeden neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Görogly” eposy täzeden neşir edildi

view-icon 7622
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň şanly senelere beslenýän pursadynda türkmen halkynyň gymmatly edebi eseri bolan “Görogly” eposy täzeden neşir edildi.

Türkmen halkynyň milli gahrymany Görogly hakyndaky uly göwrümli epos batyrlygyň, watansöýüjiligiň hem-de gahrymançylygyň ajaýyp nusgasy hökmünde häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Halkymyzyň ýiti zehininden kemal bolan bu epos bagşy- sazandalaryň dilleriniň senasyna öwrülip, has-da ösdürilip nesillere ýetirilýär. Görogly begiň gahrymançylygy, bitiren işleri, at-abraýy türkmen nesilleri üçin görelde mekdebidir. Häzirki döwürde bu eposyň şöhraty has-da belende göterildi.


Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan bu kitabyň ýurdumyzyň şanly senelere beslenýän günlerinde okyjylara gowuşmagynyň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda gysga döwrüň içinde möhüm ähmiýeti bolan gadymy taryhy ýadygärliklerimiz, görnükli şahsyýetlerimiz, şeýle hem edebiýat äleminde uly yz galdyran söz ussatlarymyz we olaryň bize galdyran mirasy dolulygyna aýan edildi. Bu bolsa türkmen halkynyň ylymda hem-de çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, dünýä medeniýetinde görnükli orun eýeleýändigini alamatlandyrýar.

Ata – babalarymyz geçmiş milli hem-de medeni baýlyklaryny aýawly gorap, ony has-da nepisleşdirmegi başarypdyrlar. Türkmen halky söz sungatyna, çeper gymmatlyga, suhangöýlüge ýokary derejede gadyr goýýar. Şeýlelikde, türkmen halkynda dünýäniň medeni gymmatlygynda möhüm orun eýeleýän ajaýyp eposlar, dessanlar, uly göwrümli çeper eserler döräpdir.

Asyrlaryň dowamynda ussat bagşylaryň, ozanlaryň ýiti zehini, ylhamy hem-de pähimi siňen “Görogly” eposy şu gün jemgyýetimiziň ruhy dünýäsiniň şamçyragydyr, iň kämil medeni baýlyklarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň zehininden dörän bu esere ajaýyp baha berýär.

“Görogly” eposyny öwrenmek we ony yzygiderli neşir etmek netijesinde bu epos barada özbaşdak ylmy ugur emele geldi. Mälim bolşy ýaly, eposyň birnäçe nusgasy bolup, olaryň hemmesiniň ylmy taýdan öwrenilmegine hem-de milli çeper aýratynlyklarynyň dolulygyna neşir edilmegine soňky ýyllarda ajaýyp mümkinçilikler döredi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň çeper gymmatlygy bolan ajaýyp eser bilen baglanyşykly guralan halkara maslahatlarynda türkmen eposlarynyň dünýä medeniýetinde we çeper söz dünýäsinde tutýan orny barada ylmy esasda gürrüňler edildi.

Owadan suratlar bilen bezelen we ýokary çaphana usulynda neşir edilen “Görogly” eposyna täsirli şahalar girizildi. Şeýle hem neşirde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi hem-de medeni miras baradaky asylly ýörelgelerine laýyklykda eposda ýerleşdirilen şahalaryň dil aýratynlyklaryna, eseriň beýan ediliş usullaryna aýratyn üns berildi. Kyssa bilen şygyrlaryň sazlaşygynda, çeperçilik däpleriň hem-de usullaryň üsti bilen okyjylara täsir edýän eposyň täze neşiri öňküleri we olaryň golýazmalary bilen deňeşdirilip, kämil derejede okyjylara ýetirildi. Mundan başga-da, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän derejede neşir edilen bu eposda bagşylaryň aýdyş usuly, dil baýlygy göz öňünde tutulyp, onda getirilýän adam we ýer-ýurt atlary belli tertibe salnypdyr.

Şeýle hem “Görogly” eposynda gadymy türkmen sözleri, söz düzümleri örän çeper derejede ulanylýar. Eposyň şunuň ýaly çeperçilik aýratynlygy eseriň täsirliligini ýokarlandyrýar. Türkmen halkynyň isleg-arzuwynyň, medeni–ruhy gymmatlyklarynyň, çeper dünýägaraýşynyň hem-de gahrymançylygyň aýdyň beýany bolan eposyň täze neşiriniň giň okyjylar köpçüliginiň söýgüli kitabyna öwrüljekdigine şek-şübhe ýokdyr.

Diýarymyzda uly dabarala beslenýän şanly wakalaryň üstüni ýetiren täze neşir döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde halkymyzyň medeni –ruhy gymmatlyklaryna ýokary derejede gadyr goýulýandygyny alamatlandyrdy. “Görogly” eposynyň Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde okyjylara gowuşmagynda aýratyn many bar. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan şanly wakalaryň üstüni ýetiren täze neşiriň gyzyklanma bildirýän her bir adam üçin gymmatly sowgat boljakdygy ikuçsuzdyr.