Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynyň döredijilik topary „Gumly gelin“ atly täze oýny ilkinji sapar görkezdi.
Söýgüden söz açýan bu waka adatdakylardan geň ýagdaýda bolup geçdi – Çebşege oňat durmuşy arzuw edýän goňşylary mekirlik bilen ýeke ýaşaýan aýal gumdan baýlyk tapdy diýip, habar ýaýratdylar. Bu mekirlik bilen tapylan pirim özüniň oňyn netijesini hem berdi. Oglanlar Çebşege öz söýgülerini mälim etdiler. Sýužet boýunça hakyky söýgülisini gözleýän Çebşek çyn ýürekden söýgüsini bildirmedikleriň ählisini yzyna gaýtarýar. Goňşularynyň aýdyşyna görä, zenan maşgalanyň päk ýüregi onuň üçin gumdan tapylan hakyky baýlyk boldy. Adamlaryň her bir adamynyň bir ýerlerde öz ýarynyň bardygy barada aýdanlary hakykat bolup çykýar. Ony tapan adam uzak we bagtly ýaşar.
- Garagumyň uly bolmadyk obalarynyň birinde ýaşaýan orta ýaşlaryndaky sada zenanyň baş gahryman bolýandygyna garamazdan, biz „Gumly gelin“ pýesasyny uly kanagatlanma bilen sahnalaşdyrmaga girişdik diýip, režissýor-oýun goýujy, Türkmenistanyň Halk artisti Handurdy Berdiýew gürrüň berýär. Biziň teatrymyza mahsus bolan ýaşlar temasy bilen onuň nähili aragatnaşygy bolup biler? Ýöne bu oýuny görkezmek bilen biz hut ýaşlara ýüzlenýäris! Bu açyk göwünli we päk ýürekli adam hakyndaky taryh ahbetin. Onuň bilen söhbetdeş bolmak, onuň kalbyna aralaşmak we onuň ykbalyna düşünmek – bularyň ählisi seniň özüňe hem mylakatly hem-de mähirli bolmaklygy ündeýär.
Mundan hem başga pýesada gürrüňi edilýän çöl biziň göz öňüne getirişimiz ýaly däl. Oýunda bolup geçýän wakalryň ýeri bolan obanyň ýakynynda uly göwrümli suw howdany gurulýar. Oýnuň dowamynda işläp ýören ýer tekizleýji traktorlaryň sesi eşdilip durýar. Göl ýerler bagy-bossanlyga öwrülýär. Muny oýnuň dowamynda hudožnik-oýun goýujy Mekan Annamyradow dogry beýan edýär. Ynsan elleri bilen ekilen nahallar çöl obasyny gök baglyga – gum depeleriniň arasyndaky çemenzarlyga öwürýär.
Sahnadaky özleriniň söýgüly gahrymanlaryny dowamly el çarpyşmak bilen, tomaşaçylar sazly we şadyýan oýnuň ilkinji görkezilişini gyzgyn garşy aldylar. Bu „Gumly gelin“ atly oýna ilkinji tomaşa edýänleriň şeýle baha bermekleri bu goýulan oýnuň uzak wagtlap dowam etjekdigine şaýatlyk edýär.