Ï Ýaşlaryň ikisine - iki kümüş medal
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlaryň ikisine - iki kümüş medal

view-icon 1035
Biziň ýurdumyzyň ýaş ekologlary nobatdaky Halkara olimpiadasyndan ýeňiş bilen gaýdyp geldiler. Niderlandlaryň Utreht şäherinde ekologiýa boýunça „INESPO“ ady bilen geçirilen Halkara taslama olimpiadasynyň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Nurgeldi Bazarow we Silapberdi Baýjanow iki sany kümüş medaly gazanmagy başardylar.

Bilim ulgamy boýunça bu abraýly halkara intellektual bäsleşiginiň guramaçylyk komitetiniň adyna umumylykda dünýä döwletleriniň kyrkysyna wekilçilik eden mekdep okuwçylarynyň 250-sinden 135 sany taslama gelip gowuşdy.

Ýaş daşky gurşawy goraýjylarynyň iň gowy taslama işleri olimpiadanyň jemleýji tapgyryna çykdy. Bu nukdaýnazardan bu olimpiadada türkmen ýaş ekologlarynyň ýeňiş gazanmaklary uly ähmiýete eýedir. Ýaş ekologlar dünýäniň dürli künjeginden gelen ýaşytdaşlary bilen bolan bu ýeňil bolmadyk bäsleşikde iň gowy olimpiada netijeleriniň birini gazanmagy başardylar.