Ï Täze tehnologiýalar - önümçilige
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze tehnologiýalar - önümçilige

view-icon 2042
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň goldamagynda Marydaky Döwlet energetika institutynda Okuw-önümçilik merkezi (OÖM) döredilip başlandy. Bu ýerde kuwwatlylygy 12 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediniň gurnama işleri alnyp barylýar. Nobatda – ikinji elektrik begediniň gurnama işleri, gelejekde bolsa – gün energiýasyny peýdalanaýan bekediň gurnama işlerine başlamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, fizika- matematika ylymlarynyň kadidaty Aganyýaz Jumaýewiň belleýşi ýaly, bu Merkezde praktika we barlag işleri, adaty däl we gaýtadan dikeldilýän energiýany peýdalanamak bilen, energiýa üpjünçiligini netijeli peýdalanamk ulgamynda gözlegler geçiriler.Gelejekde – gün, ýel, suw we bioýangyçlary, şeýle hem toplumda ýerli adaty ýangyçlaryň görnüşlerini (dizel elektro beketlerini, gaz turbinaly we beýleki enjamlar.) ulanmak bilen, energiýa tygşytlaýjylary işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Bu Merkeziň işi gaýtadan dikeldilýän energetika boýunça bilelikdäki, şol sanda daşary ýurtly, maýa goýum taslamalaryna gatnaşmak, energetika ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri we iň täze innowasion tehnologiýalary öwrenmek, özleşdirmek hem-de ornaşdyrmak bolup durýar. Bularyň ählisi energetik hünärmenleriň derejelerini düýpli ýokarlandyrmaga we olary gaýradan taýýarlamaga, täze işlenilip taýýarlanylan meýilnamalaryň okuw-sergileriniň meýdançasyny döretmäge we gaýtadan dikeldilýän energetika ulgamynda maslahat hyzmatlaryny bermäge kömek eder.

Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň öňünde energetika ulgamynda ylmy işläp taýýarlamalaryň netijelerini ornaşdyrmak boýunça alymlaryň we ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň hünärmenleriniň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak, şeýle hem gönüden-göni önümçilik bilen meşgullanýan ýaş alymlary ylmy gözleglere çekmek wezipesi durýar.