Ï Milli öwüşginli sowgatlyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli öwüşginli sowgatlyklar

view-icon 1901
Türkmenistana gelip görýän myhmanlaryň köpüsi ýurduň durmuşy we medeniýeti bilen içgin tanyş bolýarlar. Olaryň köpüsi türkmen halky we türkmen topragy baradaky ýakymly täsirler bilen birlikde türkmen sowgatlyklaryny – ýöriteleşdirilen dükanlarda müşderilere hüdürlenýän köp görnüşli amaly-haşam sungatynyň ussalar tarapyndan döredilen sowgatlyklaryny hem alyp gidýärler.


Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlary gadymýetiň çuňluklaryna aralaşýar. Amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşi diýen ýaly: agajy we demri çeperçilik taýdan işläp taýýarlamak, keramika, haly dokamaklyk, nagyş çekmek, ýüplükleri örmek örän gadymýetden bäri ösdürilipdir hem-de kämilleşdirilipdir. Halk senetçiliginiň gadymy däp-dessurlary häzirki zaman ussalary tarapyndan aýawly saklanylýar. Olar öz eserlerinde gadymdan gelýän nagyşlary ulanýarlar, olary häzirki günüň talaplaryna laýyk döredijilikli gaýtadan işleýärler, täze çeperçilik usullary üstünlikli tapýarlar

Türkmen gelin-gyzlarynyň el hünäri bolan haly önümleri öňden bäri uly islegden peýdalanyp gelýär. Haly dokamak sungaty asyrlardan geçip, aýawly saklanylýar we ösdürilýär. „Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynda taýýarlanylýan sowgatlyklar: halyçalar, zenanlaryň torbasy, gapjyklar, ýassyklar, mobil telefonlar üçin daşlyklar bu sungatyň iň gowy däp-dessurlary boýunça taýýarlanandyr. Ýüplükleri örän owadan görnüşde örmek hem Türkmenistanda uly meşhurlyga eýedir. Dürli reňkler bilen boýalan ýüňden taýýarlanylýan owadan şarflar, naşyja breloklar, joraplar özüniň baý öwüşgini we takyk nagyşlary bilen tapawutlanýar. Ýüplüklerden örülip taýýarlanan zatlaryň örän köp görnüşi bar. Şonuň üçin hem müşderi öz göwün söýen zadyny hökman tapyp bilýär.


Çeper taýýarlanan keşdeler hem türkmen el hünäriniň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Ol örän berk ýörelgä we ýerine ýetiriliş taýdan çeperçilik häsiýete eýedir. Türkmen zenanlarynyň keşde işleri reňkleri boýunça berk sazlaşýar, saýlanyp alynan reňkler – gyzyl, gök, ak, ýaşyl, sary reňkler hala mahsus bolan reňkler bilen deňeşdireniňde pesräk gelýär. Tahýa, köýnegi ýakasyna salynýan nagyşlarda göz-dil degmez ýaly geometriki nagyşlar ulanylýar. Bu önümler hem hakyky sowgatlyklara öwrüldi.

Çeper we örän owadan taýýarlanylýan zergärçilik sungatynyň önümleri türkmen halkynyň durmuşynda uly ähmiýete eýe boldy. Zergärçilik eserleri uly islegden peýdalanýar. Zergärçilik sungatynyň 60 görnüşi bolup, onuň köp bölegi bolsa zenanlaryň gadymy kümüş bezegleridir. Olaryň ählisi hakyk wem firýuza daşy, çylşyrymly nagyşlar bilen bezelendir. Häzirki zaman zergärçilik önümleriniň gurluşynda köp sanly özgerişleriň bolmagy, gadymy görnüşleriniň özboluşly ulanylmagy olara çuňňur milli äheňleri we häsiýetleri berýär. Şonuň netijesinde hem türkmen zergärleriniň eserleri häzirki zaman milli lybaslar bilen utgaşýar. Türkmen zergärçilik işleri owadan, nepis we özboluşly bolup, barha uly meşhurlyga eýe bolýar.


Ýerli ussalar agajy işläp taýýarlamagyň gizlin syrlaryny nesilden nesile geçirip gelipdirler. Orta asyrlardan bäri köp sanly binalary geometiriki we ösümlikleriň şekilleri, ýazgylary özara sazlaşýan çylşyrymly usulda oýulyp ýasalan bezegler bilen örtülen sütünleri, pannolary bezäpdir. Agaçlary çeperçilik taýdan işläp taýýarlamak saz gurallaryny taýýarlamak sungaty bilen hem baglydyr. Meşhur türkmen dutary özüniň owazy we nepis ýasalyş usuly boýunça tapawutlanýar. Häzirki günlerde agajy çeperçilik taýdan işläp taýýarlamak bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Suratkeşler hem bu örän owadan önüme örän uly ähmiýet berýärler. Sowgatlyk dükanlarynyň tekjelerinde göze ýakymly agaçdan taýýarlanan heýkeljikleri, breloklary, oýnawaçlary görmek bolýar. Bu ýerde keramikadan hem ýasalan sowgatlyklary görmek bolýar. Atheologlaryň geçiren barlaglaryndan görnüşi ýaly, Türkmenistanda küýzegärçilik senetçiliginiň taryhy müňlerçe ýyllara ýetýär.

Biziň ýurdumyza gelýän myhmanlarynyň arasynda hazirki zaman sowgatlyklar – ýumşak oýnawaçlar uly meşhurlyga eýe bolýar. Atlaryň, düýeleriň şekilleri nagyşlar, at esbaplary bilen bezelýär. Aýratyn hem milli lybaslar geýdirilen gurjaklar örän owadan. Özi hem, olarda ussalaryň örän hysyrdyly zähmetini talap edýän lybaslaryň ähli bölekleri inçelik bilen ýerldirilendir.

Ýurduň zehinlerinden we ýürekleriniň mähri siňdirilip ýasalan sowgatlyklar Türkmenistanyň çäklerinden çykyp, uzaklara ýaýraýar. Bo sowgatlyk önümleri özlerine duş gelene türkmen topragynyň baýlyklary, ajaýyp adamlary, köp öwüşginli sungaty barada ýakymly gürrüňler bererler.