Ï Ýylyň ilkinji görkezilişleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylyň ilkinji görkezilişleri

view-icon 912
Oguzhan adyndaky „Türkmenfilm“ birleşigi çeper kinolentalarynyň üçüsini ilkinji görkezilişe taýýarlaýar. Şu ýylyň dowamynda jemi bäş sany täze çeper film görkeziler. Kinematografiýaçylar kinolentalaryň ählisiniň surat düşürilişini oktýabr aýynda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek kinofestiwala çenli tamamlamagy maksat edinýärler.

Kinematografiýaçylar ýylyň ilkinji çeper filmi bolan „Awazanyň aýdymy“ atly filmi işläp gutaryp barýarlar. Režissýor Döwlet Hanmämmedowyň liriki komediýasynda Türkmenbaşy şäherinde bolýan talyplaryň taryhy barada gürrüň berilýär. Nobatguly Rejebowyň ssenariýasy boýunça bu ýerde – Awaza milli syýahatçylyk zolagynda romantiki we gyzykly başdan geçirme wakalar bolup geçýär. Bu filmiň ilkinji görkezilişini iýul aýynyň ahyrlarynda paýtagtyň kinokonsert merkezleriniň birinde görkezmek meýilleşdirilýär. Ondan soňra bolsa bu film milli telewideniýede görkeziler.


„Bedew – meniň ganatlarym“ atly çeper doly metražly filmiň işleri dowam etdirilýär. Häzirki zaman ýazyjylary – doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň ssenariýesi boýunça baş gahrymanyň - garry seýis, atşynas Oraz agaň maşgalasynda bar ünsüni ahlteke bedewlerini çapmaga berýän agtygy ösüp gelýär. Şeýle agtyga guwanýan ýaşuly ruhy taýdanyp begenip, ony ýaşlyk ýyllary baradaky ýatlamalara alyp gidýär. Filmiň awtorlary halypaçylyk temasyna, ýaş nesliň we ýaşuly nesliň özara baglanyşygyna ýüzlenýärler.

Üçünji filmiň – „Talyp durmuşy“ atly filmiň awtorlary häzirki zaman ýaşlary barada, olaryň hyjuwlary, gyzyklanmalary we meşgullanýan işleri, durmuşdaky gelejegi we mümkinçilkleri barada tomaşaçylara gürrüň berýärler. Kinokartinanyň gahrymanlary bilen birlikde tomaşaçy okuwa jogapkärçilikli, bilime bolan höwes aýrylyşmaz dostluk bilen çäkleşýän, ilkinji söýgi we uly durmuşa özbaşdak gadam basýan hyjuwly talyplaryň arasyna goşulyşýar. Filmiň awtorlary saz we aýdymlar arkaly durmuşyň iň bir gyzykly we ajaýyp, ýatdan çykmajak döwri bolan talyp durmuşyny has aýdyň we täsirlilik bilen bermäge çalşypdyrlar. Filmdäki baş gahrymanlaryň keşbini ýaş aktýorlar – teatrda täze işe başlan, paýtagtyň döredijilik bilen meşgullanjak ýaşlaryny taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we uçurymlary ýerine ýetirýärler.