Ï Ýapon dili mugallymlaryň-terjimeçileriň ilkinji göýberilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapon dili mugallymlaryň-terjimeçileriň ilkinji göýberilişi

view-icon 1165
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýapon dili hünäriniň ilkinji göýberilişi boldy. Okuwy tamamlan talyplaryň üçüsi günorta dilleri kafedrasynda halypa-stažýor hökmünde işlemeklik üçin alnyp galyndy.

Olaryň saýlap alan hünäriniň ele almagynyň şowlulygynyň şaýady hökmünde ýapon dilinde gürlemek we çykyş etmek ussatlygynyň bäsleşigini mysal getirip bolar. Bu bäsleşik ýokary okuw mekdebinde her ýyl geçirilýär. Mundan başga-da Ýaponiýanyň iň gadymy we abraýly ýokary okuw mekdebi bolan Sensýu uniwersitetiniň talyplary bilen gürrüňdeşlik bolmak tejribesiniň hem hünär ussatlygyna ýetmegine ýardam berýär diýip hem aýdyp bolar.

Ýapon dili hünäriniň ilkinji uçurymlary öz okan döwürlerinde ýapon-türkmen sözlügini taýýarladylar. Täze okuw ýylyndan bu okuw sözlügi boýunça ýapon dili hünäriniň talyplary okap başlarlar.