Ï Türkmen kölüniň mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kölüniň mümkinçilikleri

view-icon 1136
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde „Türkmenistanyň oba hojalyk toplumyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti“ ady bilen geçirilen ylmy- önümçilik maslahatyň çäklerinde „Altyn asyr“ Türkmen kölüniň zeýkeş ulgamynyň zolagynda ýer-suw serişdelerini toplumlaýyn owrenmek meselerine garalyp geçildi.

Maslahata gatnaşan Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlary Türkmen kölüniň zeýkeş ulgamynyň täsir edýän zolagynda 10,3 mln. gektar meýdanyň bardygyny bellediler. Bu çäkleriň 90 göterimi bolsa çägelik çöldür. Bu ýerleriň köp bölegi gelejekde özleşdirmäge – gowşak minerallaşdyrylan suw bilen suwarylanda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge we öri meýdanlaryny suwlandyrmaga ýaramly ýerlerdir.

Ilkinji nobatda zeýkeş suwlary bilen özleşdirmäge degişli bolan çägeli çol topragynyň fiziko-himiki we agrohimiki aýratynlyklaryny, ajy suwy süýjetmek usullaryny öwrenmek we şeýle suwlary arassalamak, toplumlaýyn tebigaty goramak we durnukly hem-de çöllük ýerlerde zeýkeş suwlaryny birnäçe sapar ulanmak çärelerini işläp taýýarlamak möhüm meseleler bolup durýar.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup geçen maslahat Oba hojalyk toplumynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekillerini ýygnady. Oba hojalyk toplumyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ekologiýany hem-de tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak bu maslahatyň esasy temasy boldy.