Adamlaryň dört ýarym müň ýyl mundan ozal ýaşan ýeri bolan Murgabyň gadymy akymynyň ugrunda ýerleşen obalarynyň iki ýüzsiniň arasynda iri şäherleriň biri bolan Goňurdepe ajaýyp arheologiki ýadigärligi köp adamlara diňe bir ylmy dünýäden belli däldir. Garagumda bu agaýyp ýeri arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi öz kärdeşleri bilen 1972-nji ýylda tapdy. Şondan soň eýýäm 40 ýyl bäri bu ýerde onuň özüniň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde Margiana ekspedisiýasy tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirilip gelinýär. Häzirki wagtda bu Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadigärlikleri goramak, öwrenmek we rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça milli müdirliginiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikulho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň bilelikdäki taslamasydyr. Goňurda geçirilen gazuw-agtaryş işleri bürünç eýýamynda Murgap sebitiniň ilatynyň örän ýokary derejeli ýaşaýyş durmuşynyň bolandygyny tassyklamaga hem-de bürünç eýýamynda bu sebitde gadymy gündogar siwilizasiýasynyň iň gadymy merkezleriniň bolandygy barada alymlara gürrüň etmäge esas bolmagyna şert döretdi.
Şäheriň çäkleri kesgitlense-de, binagärlik gurluşy öwrenilen bolsa-da, bu ýadigärligiň patyşa köşgünden we ybadathanalardan durýandygy aýan boldy, gymmat bahaly we ajaýyp zatlaryň köp sanlysy toplanyldy, ýöne Göňurda geçirilýan gazuw-agtaryş işleri her ýylda täzeden täze açyşlary ýüze çykarýar. Ilkinji nobatda olar köp sanly örän ýokary hilli keramika gap-gaçlarydyr, bürünçde, kümüşden, altyndan ýasalan ajaýyp önümlerdir. Olar hazirki wagtda Aşgabadyň we Marynyň muzeýlerinde saklanylýar. Olaryň arasynda dünýä gymmatlyklarynyň saklanylýan ýerleri bolan meşhur Pariždäki Luwr, Londondaky Britan muzeýi ýa-da Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýleriniň gözi gitjek nusgalary hem bar.
Goňurda gazuw-agtaryş geçirilmegi netijesinde patyşanyň mazarynyň tapylmagy türkmen halkynyň ata-babalarynyň taryhynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýerden Marguş ýurdunyň hökümdaralarynyň sekiz sany mazary tapyldy. Olaryň ählisi hem – ojaklardan, hojalykda ulanylýan gurallar üçin diwarda ýasalan tagçalardan, ýatmak üçin ýerden we baýlyk saklanaýn çizlin ýerden ybarat bolan ýer astyndaky hakyky durmuşdaky zatlardyr. Gadymy adamlar ölümden soňky durmuşyň bardygyna ynanypdyrlar. Şonuň üçin hem olar jaýlama dessurlarynda diňe bir keramikadan we demirden ýasalan aşhana esbaplaryny mazarda goýman, eýsem altyndan, kümüşden, bürünçden, misden, gymmat bahaly daşlardan ýasalan zergärçilik önümlerini, şeýle hem dürli görnüşli dini heýkeljikleri we hususu möhürlerini mazarlarad goýupdyrlar. Ýogsa-da, şular ýaly tapylan kümmetler heniz gadymýetde talanaypdyr. Arheologlara esasan hem şol bolçulygyň diňe galyndylary ýetdi. Tapylan tapyndylar bürünç eýýamynyň ussalarynyň ýokary ussat hünärmen bolandyklary bilen geň galdyrýar.
Talaňçylaryň özleri bilen äkidip bilmedik zady ýer asty jaýlaryň-mazarlaryň diwarlarynyň bezegleri we gymmat bahaly zatlar saklanylýan uly göwrümdäki agaçdan ýasalan çelekerdir. Alymlar adam eli bilen ýasalan bu adaty däl şeýle zatlara heniz hiç bir ýerde gabat gelmändirler. Goňurdepedäki patyşanyň mazarynda şekillendiriş we nagyş bilen bezelen ussatlyk bilen ýerine ýetirilen panel tapyldy. Onuň esasy bölegi surat bilen bezelipdir, käbir bölekleri bolsa mozaika usulynda ýerine ýetirilipdir. Göňuryň ägirt uly köşgüniň jaýlarynyň hiç birinden hem şuňa meňzeş zat tapylmady. Hökümdarlar we olaryň işgärleri üçin o dünýäde ýaşamak bu dünýäde ýaşandan has möhüm ýaly bolup durýar.
Tapylan ähli mazarlarda mozaikalar bar, ýöne diňe iki sanysynda olar bitewi kompozisiýa görnüşinde saklanyp galypdyr. Beýlekilerde haçan-da bir wagtlar diwar pannosy bolan ýerde käbir alamatlary saklanyp galypdyr. Şeýle-de bolsa, bizde bar bolan şol azajyk zatlar hem Goňuryň we bütin Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň yrymlaryna, däp-dessury bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Tagmalar we ganatly ýolbarslar, dag goçlaryny ýuwudýan ýylanlar, ýylanlar bilen söweşýän aždarhalar şol döwrüň esasy ýörelgeleriniň biri bolan ýagşylygyň we erbetligiň özara söweşini görkezýär diýip, Baktriýanyň we Margiananyň möhürleri we tumarlary esasynda W.I.Sarianydi birnäçe gezek belläp geçdi. Elbetde, Gadymy Gündogaryň sungatynda meňzeş usullar bar, goňuryň nusgalarynda hakyky we fantastiki haýwanlar has ussatlyk bilen görkezilipdir.
Goňur mozaikalaryny ýasamak üçin nähili reňk, nähili daşlar ulanylandygy, onuň bölekleriniň nämä berkidilipdigi ilkibaşda düşnüksiz boldy. Ahbetin-de bu kompozisiýalaryň ýerinde ýasalandygy ýa-da aýry-aýratynlykda ussahanada ýasalandygyny biz göz öňüne getirdik. Häzirki wagtda bu işe dürli hünärli öz işine ussatlaryň gatnaşdyrylmagy netijesinde, hemme soraglary çözüp bilmesek-de, köp zatlara göz ýetirdik. Birnäçe gezek barlanylandan soňra şekilleriň bary-ýogy birnäçe organiki reňkleriň: kömür (gara reňk), lazuritadan alynan açyk gök reňk,kinowar (açyk gyzyl reňk) arkaly alynandygy belli boldy. Esasan hem, ýyrtyjylaryň kelleleri we göwreleleri, guşlaryň, balyklaryň, gajarlaryň, beýleki haýwanlaryň, ganatlary, geometriki nagyşlaryň alamatlary – daşdan ýerine ýetirilendigi wajypdyr. Goňur ussalarynyň onlarça görnüşli daş gurallarynyň arasynda ýörite taýýarlanylan we hut mozaika pannolaryny oýup ýasamag mümkinçilik berýän ýiteldilen görnüşli zatlary bar. Bu bolsa, gadymýetiň daş kesiji ussalary we suratkeşleri, eserleri haýsydyr bir ýerden getirmän, hut Goňuryň özünde özleriniň örän ajaýyp eserlerini döredipdirler. Çig mal hökmünde ýerli çig mal – Köpetdagyň minerallaryny gazyp alypdyrlar.
Mozaikany taýýarlamagyň usullaryna düşünmek üçin dikeldiş işleri gymmatly maglumatlary berdi. Dikeldiş işleri Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde tejribeli hünärmenler Moskwadan Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet ylymy-barlag dikeldiş institutynyň işgärleri Natalýa Kowalýowa we Galina Weresoskaýa, şeýle hem Diniň taryhy döwlet muzeýiniň (Sankt-Peterburg) işgäri Tatýana Şapoşnikowa tarapyndan alnyp barylýar. Olar eýýäm hazyna saklanylýan uly göwrümli gaplaryň üç sany uly bölegini we patyşa mazarynyň diwarlaryndan bezeg panelleriniň birnäçesini dikeltdiler. Halas edilen mozaýikalar haly nagyşalaryny ýada salýar. Olar üç burçlykdan, inedördül we göniburçlukdan ybaratdyr. Bu iri bölekleriň arasyndaky giňişlik, şeýle hem olaryň içindäki bölekleriň aralygy gara ýa-da gyzyl teňk bilen reňklenipdir. Ýönekeý ýaly bolup görünýän suraty çekemk üçin köp sanly we çylşyrymly usullaryň peýdalanylandygy mälim boldy.Biziň eýýamymyzdan öňki III müň ýyllygyň ahyrynda Göňuryň mozaikasy bilen baglanyşykly has giňişleýin gürrüňler golaý wagtda Aşgabatda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediljek kitapda öz beýanyny tapar..
Häzirlikçe biz bu panellerdäki nyşanlara we alamatlara düşünmegiň ýolunyň başynda durus. Ýöne, goňuryň mozaikalarynyň ajaýyplygy, olary çeper taýdan dörediji hünärmenleriň döreden eserleri Gadymy Gündogaryň yrymlaryny we rowaýatlaryny oňat bilýän gözlegçileriň we hünärmenleriň ünsüni çeker diýip, tama edýäris. Ýöne olara düşünmegiň ýolunda häzirki zaman türkmen halkynyň genetiki medeniýeti bilen baglanyşykly Garagumuň çägeleriniň aşagynda basyrylyp ýatan beýik siwilizasiýanyň ýene-de bir syrynyň açyljakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.