Ï Duşagerekdagynyň gözellikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Duşagerekdagynyň gözellikleri

view-icon 1642
Merkezi Köpetdagdaky Duşagerekdagy özüniň taryhy we tebigy ýadygarlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň dürli-dürliligi bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Gadymy döwürde bu ýerleriniň ýaşaýjylary onuň gerişleriniň özboluşly görnüşini duýupdyrlar – onuň dag gaýalarynda gabat gelýän ýabany haýwanlaryň şahyna meňzedipdirler. Şeýle bolansoň „Duşak“ sözüni pars dilinden terjime edeniňde „iki şah“ diýen manyny berýär. Halk arasynda oňa Duşak hem diýilýär.


Duşagerekdagynyň gündogar bölegi öz etekleri bilen dag çeşmesi akýan we çagalar sagaldyş merkezleri ýerlerşýän ýerleri bolan Gökdere jülgesine birigýär. Bu dag eňňitleri türkmen arçalaryna we çuňňur derelere we hanalara baýdyr. Bu ýerden alpinistleriň ýollarynyň köp sanlysy çekildi. Çuňňur dereleriň dýübünde bolsa daş owuntyklarynyň arasynda kerkaw, dagdan we gyrymsy agaçlar osýär. Şonuň üçin hem bu ýerde gabat gelýän her bir dag deresiniň taryhy gadymýetiň çuňluklaryna arlaşýan öz taryhy bar, olaryň täze atlary hem häzirki döwür bilen sazlaşyp gidýär.

Bu dagyň demirgazyk-günbatar tarapy özüniň görnüşi boýunça orta asyr galasyny ýadyňa salýar. Kert gaýalar özüniň diňleri bilen ýokarlygyna galýar. Olar ýarym aýmança görnüşinde ýerleşip, çuňňur jülgeleriň aşak başyndaky kesekiniň gözlerinden gizleýän ýaly görünýär. Ýerli halk dagdan gaýdan daşlar bilen dolan, arçaly we gyrymsy ösümlikli adaty däl görnüşdäki gaýalary - bu ajaýyp künjegi Dark diýip atlandyrýar. Bu ajýyp jülge barada gadymýetde köp sanly rowaýatlar döredilipdir. Ýerli ýaşaýjylaryň ata-babalary bu ýerde duşmanlardan gaçyp, goranypdyrlar. Daglaryň ruhlary bolsa kyn pursatlarda olary gorapdyrlar.


Bu jülgäniň ýene-de bir ajaýyp künjegi deňiz derejesinden iki müň metr belentlikde ýerleşýän Döwüň gowagydyr. Uzynlygy ýüz metrden hem gowrak bolan bu gözel görnüşdäki syrygyp daman aragonitler toplanyp (10-15 sm. çenli), käse we gabyk görnüşleri emele getiripdir. Käbir toprak görnüşindäki garyndylar, stalakitler konsentrik-zonal gurluşa eýedir. Bu halkalaryň töwereginde owunjak kesilenaragonit we oniks ösýär. Şular ýaly özboluşly-orginal görnüşler Türkmenistanyň karst gowaklarynyň hiç birinde hem gabat gelmeýär.

Gowakdan we gaýalardan akýan çeşmelerden uzak bolmadyk ýerde adam düşelgelerine gabat gelmek bolýar. Eger-de dag daşlaryndan esaslandyrylan ýaşaýyş jaýynyň ortasyndan ösüp oturan arçanyň sütünini göreniňde, gör bu ýerde adamlar näçe ýyl mundan ozal ýaşadylarka! Duşak dagyny eteginde, günorta eňňitlerinde ýaşaýyş jaý binýatlarynyň ýarym ýykylan ýereleri, işlenilip taýýarlanylan ýerler, suw saklanylýan desgalar, mal saklamak üçin agyllar gabat gelýar. Biziň ata-babalarymyzyň Duşak daglyk sebitlerinde diňe bir aw etmek we ýer işläp bejermek bilen meşgullanman, eýsem demir eretmek we ony gaýtadan işlemek bilen meşgullanandyklaryna şaýatlyk edýän köp zatlar bar. Duşagyň gadymy dag köwüjileri dag gatlaklarynda çuňlugy birnäçe onlarça metre çenli gazmagy başarypdyrlar. Erediji peçlerde arça agajyny ýangyç hökmünde ulanypdyrlar. Muňa onuň çapylan yzlary şaýatlyk edýär. Biziň günlerimizde tapylan peçleriň bölekleri uly çukurly bolup, ol ýerde toýun galyndyly ganawjykly bir taraplaýyn guýma görnüşlerinde kiçiräk eňňit edilen ýer arkaly eredilen demir ýörite galyplara gelip gowuşýar. Bu ýerlerde demiriň eredilendigine hiç hili şek-şübhe ýok, hat-da taýýarlanyş usuly bir wagt ýitirilen horasan poladyny hem gaýnadypdyrlar.


Demir eredilýän ýerden uzak bolmadyk ýerden birnäçe inedördül metr ýeri eýeleýän çöketlik tapyldy. Mümkin, birnäçe asyr mundan ozal (ХII-ХIII a.a.) bu ýerler demir eredijileriň göçirilip getirilen ýeri bolup, olar aw we beýleki maksatlar üçin ýaraglary ýasandyrlar. Syýahatçylar, obserwatoriýanyň we radiostansiýanyň işgärleri Duşak daglarynyň gaýalaryndan ýerli demirçi ussalar tarapyndan demirden süýlüp ýasalan naýzalary, ýaýlaryň oklaryny we durmuşda ulanylýan beýleki zatlary birnäçe gezek tapdylar.

Daglar häzire çenli köp ýurtlaryň astronomlarynyň arzuw edýän ýeri bolup galýar. Türkmen astronomlarynyň köp ýyllaryň dowamynda yzygiderli geçiren seljeriş işleri netijesi daşary ýurtly hünärmenlere Duşagerekdagynyň gerişlerinde astronomiki gözegçilikleri geçirmek üçin ähli şertleriň bar ýerleriň biri hökmünde ykrar etmäge şert döretdi.Öz wagtynda bu ýerde astronomiýa ylmynyň ugurlarynyň biri bolan meteor astronomiýasyny öwrenmek boýunça işler geçirildi. Ylmyň bu ulgamynda Türkmenistanyň alymlary hereket edýän meteoryň yzlaryna gözegçilik etmegiň maglumatlary boýunça ýokarky atmosferada ýeliň tizligini we ugruny kesgitlemek usulyny işläp taýýarlamak bilen, ajaýyp netijeleri gazandylar. Duşagyň günorta eňňidinde 2 müň metrden gowrak belentlikde obserwatoriýa özüniň kuwwatly teleskopy bilen häzir hem dur.


Daglar diňe bir astronomlary gyzyklandyrmaýar. Aşgabat sebitlerinde öz belentligi bilen saýlanyp duran Duşagyň ýerleşişi Aşgabadyň awiakärhanasynyň radionawigasiýa gullugynyň hünärmenleri howa gämileri bilen aragatnaşyk üçin ulandylar. Indi bolsa, ýurduň howa giňişliginde gämileriň ekipažlaryny durnukly radio aragatnaşyk bilen üpjün edýän radiogeçiriş we kabul ediş antennalarynyň ähmiýeti ulydyr.

Duşagerekdagy dag we ekologiki syýahatçylyk üçin hem uly ähmiýete eýedir. Türkmen tebigatynyň bu ajaýyp künjegi örän täsin we haýran galdyryjy ýerdir. Bu ýer ýylyň islendik wagtynda özboluşly owadandyr. Gyş pasly daglarda öz ýowuzlygy – howanyň derejesiniň has pes bolmagy we ygalyň has köp düşýändigi bilen tapawutlanýar. Meteogözegçiligiň ähli döwründe Türkmenistanyň çäginde iň ýokary – 90 santimetre golaý gar örtügi hut Duşak dagynda hasaba alyndy. Ýöne bu ýeriniň dag belentlikleri garyň arly ýyl sakalnyp galar ýaly bellige ýetenok. Gyş aýlary Kiçi Aziýadan öwüsýän örän ýyly howa hat-da dag gerişleriniň iň belent ýerlerinden hem gary doly eredip bilýär.

Bu ýeriniň dag teklerinden başlap dag belentliklerine çenli dürli görnüşli ösümlikler ösýär. Bir günüň dowamynda dagyň ýokarky guşaklygynda ösümlikleriň gülläp başlamagyna we tohumyň ösüp ugramagyna gözegçilik edip bolýar. Dagyň orta we ýokarky guşaklygy beýleki gyrymsy ösümlikler bilen garyşyk ösüp ýetişýän arçanyň seýrek tokaýlygy bilen örtülýär. Eger-de şowuna bolsa bu ýerde dag goçlarynyň, dag geçileriniň ylgaýyşlaryna, guşlar dünýäsiniň dürliligine we olaryň durmuşy bilen ýakyndan tanyşyp bolýar. Eger-de has eserdeň we hüşgär bolsaň, onda ýyrtyjy haýwanlara, möjeklere, tilkilere, samyrlara, syrtlanlara, geçigaplaňlara gabat gelmek bolýar.

Duşagerekdagynyň gaýalary – Bütindünýä Gyzyl kitabyna girizilen ýyrtyjy haýwanlaryň iň irileriniň biri bolan alajagaplaňlaryň gadymy ýaşaýan ýeridir. Bu örän owadan, güýçli we çeýe haýwandyr. Güýç taýdan gaplaňlardan we ýolbarslardan pes gelýän alajagaplaň olara garanyňda öz awyna duýdurman barmagy başarýar. Ol dag goçlaryny we geçilerini yzarlamak bilen, dag gaýalarynda başarnykly gezip bilýär. Amatsyz şertlerde köpelmäge bolan ukyby olaryň tapawutlanýan tarapydyr. Bu bolsa olara kyn şertleri hem ýeňip geçmäge şert döredýär. Häzirki wagtda, hünärmenleriň pikirine görä, bu ýerlerde seýrek duş gelýän bu ýyrtjylaryň sany köpelýär – 70-80 alajagaplaň bar diýlip hasap edilýär. Baryp birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan tassyklanan „Köpetdagda alajagaplaňlary saklamak“ WWF taslamasyny amala aşyrmagyň jemlerini jemlän Ýabany haýwanlary goramagyň bütindünýä gaznasynyň bilermenleri şeýle netijä geldiler.

Daglar durmuşda köp zatlary gördi hem-de nesillerimiz üçin köp zatlary saklap bilerdi. Ilkinji nobatda,özüniň gaýtalap bolmajak owadanlygyny we belentligini, köp görnüşli haýwanlaryň we guşlaryň ýaşaýyş durmuşyny üpjün etmäge, dag arçalarynyň köp sanly sütünlerini, bahar aýlaryndaky çemenzarlykly sähralaryny, dag çeşmelerini saklap bilerdi. Galanlaryny bolsa diňe öz gözüň bilen göreniňde bilip hem duýup bolýar.